Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: YD gadymy Palmira şäheriniň meşhur ýadygärligini ýumurdy


Gadymy Palmiranyň Rim teatry, Siriýa, 1-nji aprel, 2016.
Gadymy Palmiranyň Rim teatry, Siriýa, 1-nji aprel, 2016.

“Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileri Siriýanyň gadymy Palmira şäheriniň iň meşhur ýadygärlikleriniň biri köp sütünli tetrapylony we amfiteatryň öň tarapyny ýumurdylar, diýip, döwlet mediasy habar berdi.

SANA täzelikler agentliginiň 20-nji ýanwarda habar bermegine görä, gadymy Rim döwründen galan 16 sany sütünden düzülen tetrapylon we ikinji asyra degişli amfiteatr ýok edilipdir.

Weýrançylyk baradaky maglumaty ýurduň gadymy mirasy boýunça ýolbaşçy Maamoun Abdulkarim tassyklady we onuň 10 gün mundan öň ýumrulandygyny aýtdy.

"Düýn bize Boston uniwersitetindäki kärdeşlerimizden Rim amfiteatrynyň öň tarapynyň ýok edilendigini görkezýän satellit suratlar gowuşdy” diýip, Abdulkarim AFP agentligine aýtdy.

YD topary dokuz aýlap hökümetiň gözegçiliginde bolan dünýä mirasy hasaplanýan gadymy şäheri Palmirany, dekabr aýynda hökümet güýçleriniň elinden basyp alypdy.

Ilkinji gezek Palmirany 2015-nji ýylyň maý aýynda basyp alan YD toparynyň Siriýanyň hökümetiniň Orsýetiň goldawyna daýanyp eden basyşlarynyň netijesinde şäheri terk etmeginiň öňüsyrasynda beýleki gadymy ýadygärlikleri hem ýumurandygy barada habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG