Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Obamanyň başlan täze düzgünleşdirmelerini doňdurýar 


Ak tamyň prezident diwanynyň başlygy Reince Priebus

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp, iş başyndaky ilkinji çäreleriniň biri hökmünde, özünden öňki prezident Barak Obamanyň başlan düzgünlerini togtatmak üçin, täze düzgünleşdirmeleri hökümet çäginde 20-nji ýanwardan başlap doňdurmaly etdi.

Bu doňduryş klimat özgermesiniň öňüni almaga, federal ipoteka ätiýaçlyklarynyň tölegini azaltmak teklibi bilen Wall Streetdäki jenaýatçylygyň ýoluny baglamaga hem-de Obamanyň millionlarça amerikalyny medisina ätiýaçlandyrmasy bilen üpjün edýän saglyk programmasyna degişli düzgünleşdirmeleriň giň tapgyryny öz içine alýar.

Ak tamyň prezident diwanynyň başlygy Reince Priebusyň memorandumynda aýdylmagyna görä, federal gulluklar täze düzgünleşdirmeler babatdaky işleri togtatmaly we Trampyň bellän adamlary gaýtadan seredýänçä tamamlanan düzgünleşdirmeleriň hiç birini çap etmek üçin tabşyrmaly däl.

Bu karar düzgünleriň köpüsininäbelli möhlete çenli ýatyrýar, sebäbi Trampyň kabinet ýolbaşçylarynyň we beýleki bellän işgärleriniň köpüsi entek Senat tarapyndan tassyklanmadyk.

Priebusyň memorandumy eýýäm çap edilen, emma entek güýje girmedik düzgünleşdirmeleriň hem, täzeden gözden geçirilmegini talap edýär.

Priebus Ak tamyň býujet direktorynyň, aýgytly düzgünleşdirmeleriň togtadylmazlygy üçin, kadadan çykmalara rugsat berip biljekdigini aýtdy.

Bu memorandum Obamanyň prezident diwanynyň başlygynyň 2009-njy ýylda, ol inagurasiýa edileninden bir gün soň çap eden dokumentine meňzeş.

XS
SM
MD
LG