Türk parlamenti 21-nji ýanwar güni irden prezident Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýetini üzül-kesil giňeltjek kanun taslamasyny tassyk etdi we şu ýylyň aýagynda konstitusiýany üýtgetmek barada referendum geçirmäge ýol arçady.
Hökümet bu teklipleriň häzirki zaman Türkiýesiniň taryhynda ilkinji gezek ýerine ýetiriji prezidentligi döretjekdigini, ýönekeý we has netijeli dolandyryşy üpjün etjekdigini aýdýar, emma tankytçylar onuň Erdogana has kän gözegçiliksiz ygtyýarlyk berjekdigini aýdýarlar.
Bu reforma Erdogana perman çykarmaga, adatdan daşary ýagdaýlar düzgünini girizmäge, ministrleri we ýokary döwlet resmilerini işe bellemäge, parlamenti dargytmaga ygtyýar berer.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.