Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň inagurasiýasyna ABŞ TW-sinde 31 million adam tomaşa etdi


D.Trampyň goldawçylary TW-de inagurasiýa dabarasyna tomaşa edýärler.
D.Trampyň goldawçylary TW-de inagurasiýa dabarasyna tomaşa edýärler.

20-nji ýanwarda prezident Donald Trampyň inagurasiýa dabarasynyň telewideniýede görkezilişine 31 million adam tomaşa etdi diýip, Nielsen reýting guramasy aýtdy.

Hasaplamalara görä, bu prezident Barak Obamanyň 2008-nji ýyldakyilkinji inagurasiýasyna tomaşa edenlerden (37.8 million) birneme az, emma prezident Jorj Buşuň ilkinji kasam kabul edişine tomaşa edenlerden (29 million) kän.

Bu hasap, agentligiň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň 12 telewizion kanalynyň Waşington wagty bilen ir sagat 10-dan, agşam sagat 6 çenli göni alyp görkezen gepleşiklerine tomaşa edenleriň sany boýunça çykarylypdyr.

Nielsen guramasynyň hasabyna görä, 1969-njy ýyldan bäri iň köp tomaşa edilen inagurasiýa dabarasy (41.8 million) prezident Ronald Reýganyň 1981-nji ýyldaky birinji kasam kabul ediş çäresi bolup durýar .

XS
SM
MD
LG