Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

OPEK, Orsýet nebit çykarmagy azaltmakda 'sepgitden öňde' barýar


Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih bilen Wenadaky maslahata gatnaýar.
Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih bilen Wenadaky maslahata gatnaýar.

OPEK guramasynyň we Orsetiň nebit ministrleri özleriniň nebit çykarmagy azaldyp, bahalary ýokarlandyrmak barada edýän tagallalarynda garaşylyşyndan has çalt we gowy netije gazanýandyklaryny aýdýarlar.

Nebit ministrleri 21-nji ýanwarda Wenada, eretsi gün OPEK guramasynyň baş edarasynda geçirilmegi duşuşyklaryndan öň,nahar başynda resmi däl duşuşyk geçirdiler.

Bloomberg Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowaga salgylanyp, «onuň biz bellenen sepigiden öňde webu tagallalary dowam etdireris» diýendigini habar berdi.

“Biz gelnen ylalaşygyň mümkin boldugyndan doly möçberinde ýerine ýetirilişini gazanmak üçin elde baryny edýäris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

Ministr Orsýetiň nebit çykarmagy garaşylyşyndan çalt azaldandygyny, Saud Arabystanynyň, Alžiriň we Kuweýtiň hem eýýäm 10-njy dekabrda gol çekilen ylalaşykda talap edilýäninden köp möçberde kemeldiş gazanandygyny aýtdy.

Saud Arabystanynyň energiýa ministri Khalid al-Falih nebit öndürijileriň eýýäm bazardan günde 1.5 million barrel nebiti aýrandyklaryny aýtdy.

TASS Nowaga salgylanyp, Orsýetiň nebit önümçiligini günde 100,000 barellkemeldendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG