Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda adam pidaly ýol heläkçilikleri boldy


Daşoguzdaky bolan ýol heläkçiligi.

Soňky aýyň dowamynda Daşogzuň şäherara ýollarynda – türkmen mediasynda hiç hili maglumat berilmedik – adam pidalaryna getiren azyndan iki sany ýol hadysasy bolup geçdi.

2-nji ýanwarda Daşoguz-Köneürgenç magistral ýolunyň takmynan 50-nji-55-nji kilometrleri aralygynda, Boldumsaz etrabynyň “Dostluk” obasynyň ýangyç stansiýasynyň golaýynda “Opel” we “Toyota” kysymly ulaglar çaknyşdylar.

Urgynyň netijesinde, “Toyota” innersiýasy bilen atylyp “Žiguli” kysymly awtomobile baryp degýär. Heläkçiligiň netijesinde jemi bäş adam, “Opeliň” içindäki dört we “Žigulidäki” bir ýolagçy heläk bolýar.

Şeýle-de, şu aýyň 9-ynda Köneürgenjiň birinji polisiýa postunyň golaýynda, üç adamyň ölmegine getiren ýol heläkçilik bolýar. Şaýatlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Toyota” kysymly awtomobil doňakly ýolda taýyp, azyndan dört sapar togalanyp, öňünde barýan “Žiguli” ulagy kakýar.

Çaknyşykda “Žigulidäki” üç adam we “Toyotadaky” bir adam heläk bolýar. Şaýatlar “Tiz kömek” ulagynyň wakanyň bolan ýerine 45 minutdan soň gelendigini; şoňa çenli ölen adamlaryň jesetleriniň ýolda ýatandygyny aýtdylar.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, döwlet mediasy bu heläkçilikli ýol hadysalary, olaryň sebäpleri barada hiç hili maglumat bermediler. Emma Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesiniň ýerli Ýol gözegçilik gullugynyň işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, ulag hadysalaryna esasan ýollaryň ýaramazlygy sebäp bolýar.

“Daşogzyň uly ýollarynda her aýda azyndan 5-6 sany ýol hadysasy bolýar. Ýollar büdür-südür. Oýuklar sebäpli köp ýerleri aýlanyp geçmeli. Aýaz bolan mahaly ýollar hem doňýar. Olaryň ugruna, howpsuzlygyna seredýän ýok” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň biri gürrüň berdi.

Ýokarky maglumatlar dogrusynda Daşogzuň degişli polisiýa, Ýol gözegçilik gullugynyň resmileri Azatlyk Radiosyna nähilidir bir maglumat bermekden saklandylar.

Şol bir wagtda, Daşogzuň ýollary bilen birlikde, ýurduň beýleki sebitlerinde, hususan-da Mary-Türkmenabat magistral ýolunda agyr netijeli ýol hadysalarynyň bolýandygy barasynda, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanyň döwlet maslahatlarynyň dowamynda, ýurt resmileri ýurtda gara ýollaryň “gurluşygyna uly ünsüň berilýändigini” gaýta-gaýta tekrarlaýarlar. Emma Azatlyk Radiosy bilen ýurduň dürli künjeklerinden habarlaşýan türkmenistanlylar öz sebitlerindäki ýollaryň eýýäm 20 ýyldan hem aşa wagt bäri oňarylman gelýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG