ABŞ-nyň goranmak sekretary James Mattis özüniň bu wezipedäki ilkinji güni ABŞ-nyň NATO-daky “sarsmaz” borçlaryny berjaý etmegini dowam etdirjekdigini Ýewropadaky ýaranlaryna tassyklady.
Pentagonyň metbugat-wekiliniň aýtmagyna görä, Mattis NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg we Britaniýanyň goranmak sekretary Maýkl Fallon bilen 23-nji ýanwarda geçiren gepleşiginde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň harby bileleşigini “könelişen” diýip atlandyrmagyna bildirilýän aladalanmalar barada pikir alyşypdyr.
Mattis "ABŞ-nyň NATO-da sarsmaz borçnamalarynyň bardygyny nygtady” diýip Pentagonyň metbugat wekili kapitan Jeff Dawis aýtdy.