Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowonyň we Serbiýanyň liderleri gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada ylalaşdylar


Kosowonyň premýer-ministri Isa Mustafa (s), Kosowonyň prezidenti Haşim Thaçi (ç) we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini (ortada), Brussel, 24-nji ýanwar, 2017

Kosowonyň we Serbiýanyň liderleri 24-nji ýanwarda Brusselde geçirilen sammitde ýylyň dowamynda dörän dartgynlylyklardan soň kadaly gatnaşyklary ýola goýmak barada ylalaşdylar.

“Biz ýakyn günlerde ýokary derejeli resmileriň arasynda dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdyk” diýip, Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandar Wuçiç duşuşykdan soň aýtdy.

Pristinanyň we Belgradyň arasynda iň ýokary derejede geçirilen we bileleşige girmek isleýän Balkan döwletleriniň arasyndaky konflikti çözmegi gazanmak maksadyna gönükdirilen bu duşuşygy Ýewropa Bileleşigi amala aşyrdy.

Duşuşygyň yzýany Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň “Ýewropa Bileleşigine tarap gadam basýan ýurtlaryň ikisi üçin hem möhümdigini” belledi.

Gepleşikleriň öňüsyrasynda Kosowonyň liderleri Serbiýany Kosowony “durnuksyzlandyrmaga” synanyşmakda aýyplady. Prezident Haşem Thaçi Belgrady 2008-nji ýyla çenli Serbiýanyň düzüminde bolan enklawa gözegçiligi öz eline almak boýunça dildüwüşikde aýyplady.

XS
SM
MD
LG