Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Siriýada bosgunlar üçin “howpsuz zonany” döretmek islegini mälim etdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurda immigrasiýanyň akymyny çäklendirmek üçin Siriýada bosgunlara “howpsuz zonany” döretmek isleginiň bardygyny aýdýar.

“Men adamlar üçin howpsuz zonany Siriýada dörederdim” diýip, Tramp 25-nji ýanwarda “ABC News” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Tramp şeýle plan baradaky kararyna Ýewropa Bileleşiginiň Siriýanyň köp böleginde emele gelen bosgunlar krizisi babatynda alyp barýan göreşini görüp gelendigini aýtdy.

“Ýewropanyň bu millionlarça adama Germaniýa we beýleki ýurtlara barmaga rugsat berip, ägirt uly ýalňyş goýberdi” diýip Tramp “ABC News” telekanalyna aýtdy.

Tramp Siriýada howpsuz zonalary döretmek çäresine onuň özüniň aýdyşy ýaly Birleşen Ştatlara barýan Musulman ýurtlaryndan bolan bosgunlary we immigrantlary ýa-da syýahatçylary kabul etmekden gelip çykýan terrorçylyk howpundan gutulmak ýoly hökmünde seredýär.

XS
SM
MD
LG