Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Trampyň Siriýada 'howpsuz zonany' döretmek planyny öwrenmeli diýýär


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Orsýet ABŞ-nyň Siriýada “howpsuz zonalary” döretmek planyna seresaplylyk bilen çemeleşdi we Waşingtonyň bu barada Moskwa bilen bu meseläni maslahatlaşmandygyny aýdyp, döräp biljek netijeleriň ählisiniň öwrenilmelidigini belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlara immigrasiýany çäklendirmek boýunça giň göwrümli plany bilen baglylykda Siriýada bosgunlar üçin howpsuz zonany döretmek isleýändigini 25-nji ýanwarda mälim etdi.

Reuters agentligi Trampyň Pentagona we Döwlet departamentine üç aýlyk wagt möhletiniň dowamynda plany taýýarlamagyna ýakyn günlerde görkezme bermegine garaşylýandygyny habar berdi.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow “döräp biljek ähli netijeleriň öňünden hasaba alynmagynyň” zerurdygyny belläp, “munuň bosgunlar bilen bagly ýagdaýy güýçlendirmezligi zerur” diýdi.

Siriýada howpsuz zonalary döretmegiň tarapynda köp wagt bäri çykyş edip gelýän Türkiýe ABŞ-nyň planyny görmäge garaşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG