Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýatlarynyň daşardan iberilen pullary bökdelýär


Türkmenistan. "Garagum" banky
Türkmenistan. "Garagum" banky

Türkmenistandan Western Unionyň üsti bilen iberilýän pullary almagyň has çylşyrymlaşandygy, gyssagly pul iberilen adamlaryň özlerine degişli serişdäni wagtynda alyp bilmeýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmen raýatynyň sözlerine görä, ol geçen ýylyň aýagynda Maryda ýaşaýan garyndaşyna pul iberipdir we garyndaşy ol puly Türkmen-Türk bankynyň üsti bilen manatda, döwletiň kesgitlän kursunda, 10 gün soň almagy başarypdyr. Ýagny ol pulunyň karta geçirilmegi üçin garaşmaly bolupdyr.

"Türkmenistanyň Alternatiw habarlary" guramasynyň Marydaky we Türkmenabatdaky çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Western Unionyň Türkmenistandaky edaralarynyň işgärleri, eger bank hasaplary we plastiki kartlary bar bolsa, gyssagly pul geçirilen adamlara gelen serişdäni eýelerine nagt bermekden boýun gaçyrýarlar.

Azatlyk radiosynyň bu aýdylýanlar barada resmi çeşmeler arkaly has doly maglumat almak synanyşygy o diýen şowly bolmady.

Western Unionyň Aşgabatdaky ofisiniň işgäri bu ýagdaý barada telefon arkaly maglumat bermekden boýun gaçyrdy we daşary ýurtdan pul iberen adamyň özi pasporty bilen gelen ýagdaýynda, diňe şonda informasiýa alyp biljekdigini aýtdy. Şol birwagtda-da ol daşary ýurtdan pul iberýän adam türkmen raýaty bolsa, onuň iberen serişdesiniň manatda eýesine berlip bilinjekdigini tassyk etdi.

Şeýle-de, Western Unionyň işgäri Türkmenistanyň raýatynadiňe garyndaşynyň, şeýle-de aýlygyny walýutada alýandygy barada subutnamasy bolan adamyň walýuta iberip bilýändigi baradaky düzgüni hem ýatlatdy.

Aşgabatdaky Senagat-bankyň işgäri telefonda daşary ýurtdan Türkmenistana Western Unionyň üsti bilen iberilen puly nagtlaşdyrmak mümkinçiligi barada soralanda, öz banklarynyň diňe pul ugradýandygyny, emma 4-5 aý bäri pul bermeýändigini aýtdy.

Ol munuň sebäbini diňe özlerine rugsat berilmeýändigi bilen düşündirdi we Western Union arkaly iberilen pullary almak üçin Aşgabatdaky Türkmen-Türk bankyna telefon edip görmegi maslahat berdi.

Türkmen-Türk bankynyň işgäri özleriniň, pul iberýän Türkmenistanyň raýaty bolsa, onuň pulunyň eýesine diňe manatda berilýändigini, eger daşary ýurt raýaty bolsa, onda dollarda berilýändigini, ýöne munuň üçin pasportyň göçürmesiniň we girdeji çeşmesi barada subutnamanyň gerekdigini aýtdy.

"Goýum" hasaby

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky çeşmesiniň tassyklamagyna görä, soňky girizilen düzgünler esasynda, daşary ýurtdan adyna pul gelen raýatlar bankda «Goýum» diýen at bilen ýörite hasap açmaly edilipdir. Soňra ol puly almak ýa galdyrmak şol goýum hasabynyň üsti bilen amala aşyrylmaly. Şeýle-de ol iberilen puluň bir aýda diňe 1000 dollarynyň berilýändigini aýtdy.

"Türkmenistanyň Alternatiw habarlary" guramasynyň ýazmagyna görä, Western Unionyň üsti bilen garyndaşlaryna pul iberýän türkmenistanlylar onuň hyzmatyndan köplenç gyssagly ýagdaýlarda, hirurgiki operasiýa ýa-da gymmatbaha derman üçin töleg edilmeli bolanda peýdalanýarlar.

Ýöne soňky girizilen çäklendirmeler raýatlaryň garyndaşlaryna gyssagly pul ýetirmek synanyşygynyň badyny gaçyrýar. Sebäbi olar ilki bankda diýilýän hasaplary açmak üçin arza ýazmaly we hasap açylýança azyndan 10 gün garaşmaly, soň ol hasaba pul geçirmek hem wagt alýar diýip, çeşmeler aýdýarlar.

Türkmenistana daşardan iberilýän pullaryň eýelerine diňe manatda, döwlet kursunda berilmegi, ýagny 3,50 manatdan berilmegi pul iberýäniň-de, alýanyň-da zyýanyna bolup durýar, sebäbi Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky kursunyň iki essä golaý gymmatdygy aýdylýar.

Ýerli synçylaryň, şol sanda bank işgärleriniň pikirine görä, täze girizilen çäklendirmeler türkmen banklaryndaky manat ýetmezçiliginiň barha ýitileşmegi bilen bagly bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG