Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidenti wezipesine saýlanmagynyň Eýranyň Jewreý döwletine we onuň raýatlaryna salýan howpy babatynda dünýäniň “güň ediji dymyşlygynyň” soňuna çykjagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.
26-njy ýanwarda Iýerusalimde Holokostyň pidalarynyň hatyrasyna geçirilen matam güni diplomatlaryň öňünde eden çykyşynda Netanýahu dünýäniň ähli ýerinde anti-semitizmiň güýçlenýän wagtynda, diňe bir Eýran döwletiniň ýewreýleri ýok etmäge ymtylýar diýdi.
“Biz iňňän uly howp bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, ýewreý halkyna we ýewreý döwletine ýigrenç gündogardan, Eýrandan gelýär” diýip Netanýahu aýtdy.
Tramp öz kampaniýasynda dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň Eýran bilen gol çeken ýadro ylalaşygyny ýatyrmagy wada beripdi, emma Trampyň hödürlän hökümet agzalary Eýranyň ylalaşykdaky çäkleri saklaýandygyny we ylalaşygyň berjaý edilýändigini aýdypdy.
"Harby borçlulyk we harby gulluk barada" kanuna laýyklykda, 27 ýaş şerti heniz hem öz güýjini goraýar.
Öýsüz itler sebäpli, birnäçe çagalary it ýarýar. Näme üçin şol zatlar barada ýazmaýarsyňyz. Näçe çaga şol itler sebäpli aradan çykdy.