Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani diwar gurmagyň wagty däl diýýär


Hassan Rohani
Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani amerikan kärdeşi Donald Trampyň immigrasiýa garşy syýasatyny ýazgardy we «häzir döwletleriň arasynda diwar guramagyň wagty däl» diýdi.

Rohani bu sözleri Eýranyň paýtagtyndaky syýahatçylyk konwensiýasynda aýtdy.

“Olar Berlin diwarlarynyň kän ýyl ozal ýykylandygyny unutdylar” diýip, ol aýtdy.

“Eger döwletleriň arasynda diwar baram bolsa, olar indi aýrylmaly" Rohani sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň bu sözleri Trampyň ABŞ-Meksika serhedinde diwar guramak we ýedi sany musulman ýurdundan, şol sanda Eýrandan Birleşen Ştatlara syýahat edilmegini wagtlaýyn togtatmak baradaky buýruklarynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG