Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam, Kreml Tramp bilen Putiniň ýakyndan işleşmäge razydygyny aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telefonda rus kärdeşi Wladir Putin bilen gürleşdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telefonda rus kärdeşi Wladir Putin bilen gürleşdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telefonda Orsýetiň prezidenti Wladir Putin bilen gürleşdi.

Bu olaryň Tramp 20-nji ýanwarda inagurasiýa edileli bäri ilkinji resmi gatnaşyga girişidir.

Ak tam 28-nji ýanwardaky telefon gepleşiginiň "pozitiw" we «Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasynda düzedişe mätäç bolan gatnaşyklary gowulandyrmak üçin düýpli başlangyç bolandygyny» aýtdy.

“Prezidentleriň ikisi-de,Tramp hem, Putin-de şu günki gepleşikden soň iki tarapyň terrorçylyga garşy durmakda we beýleki özara alada döredýän meselelere çözgüt tapmakda çalasyn ilerlemegine umytly» diýip, telefon söhbetdeşliginden soň çap edilen gysga beýanatda aýdylýar.

Kreml bu telefon gepleşiginiň ABŞ bilen Orsýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygy «dikeltmek we kämilleşdirmek meýliniň bardygyny» görkezendigini aýtdy.

"Iki tarap hem özleriniň Rus-Amerikan hyzmatdaşlygyny durnuklaşdyrmak we ösdürmek üçin aktiw, bile işleşmäge taýýardygyny görkezdi» diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG