Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýziýada üsti onlarça adamly gämi ýitdi


Halas ediş gämileri ýiten gämini gözleýär.
Halas ediş gämileri ýiten gämini gözleýär.

Malaýziýanyň deňiz häkimiýetleri üsti onlarça adamly gäminiňBorneonyň kenarlarynda ýitendigini aýdýarlar.

Bu gämi 28-nji ýanwarda, Sabah ştatynyň paýtagty Kota Kinabaludan gideninden soň, aragatnaşygy ýitiripdir.

Ol şäherden 60 km uzaklykdaky meşhur turist adasyna,Pulau Mengaluma barýan eken.

Malaýziýanyň Deňiz kanunlarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýän agentligi 29-njy ýanwarda gäminiň kapitanynyň we bir ekipaž agzasynyň diri tapylandygyny, emma 28 sany hytaýly turistiň gözleginiň howa we deňiz arkaly dowam edýändigini aýtdy.

Metbugat habarlaryna görä, halas ediş gämileri we dikuçarlary güýçli ýelde we tolkunlaryň möwç urýan howasynda ýiten gämini gözleýär.

Bu hadysa hytaýlylaryň we malaýziýaly etniki hytaýlylaryň bir hepdeläp belleýän Täze ýyl baýramçylygyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG