Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada: metjitde bolan atyşykda 6 adam öldi


Kwebek şäherindäki Yslam medeni merkezine hüjüm edildi.
Kwebek şäherindäki Yslam medeni merkezine hüjüm edildi.

Kanadanyň Kwebek şäheriniň polisiýasy namaz wagtynda bir metjitde bolan atyşykda alty adamyň ölüp, sekiz adamyň ýaralanandygyny aýdýar. Ýurduň resmileri hadysany “musulmanlara gönükdirilen terrorçylykly hereket” diýip atlandyrdylar.

Kwebekiň welaýat polisiýasynyň sözçüsi Kristine Koulumbe hüjüm bilen baglylykda güman edilýän iki adamyň tutulandygyny aýtdy.

Ýöne ol derňew işleri ýaňy başlandy diýip, 29-njy ýanwarda Kwebek şäheriniň Yslam medeni merkezindäki atyşyga nämäniň sebäp bolandygy hakda jikme-jik maglumat bermedi.

Kanadanyň gündogar şäherinde ýerleşýän metjidiň ymamy ölenleriň sanyny ozal bäş diýip beripdi.

“Reuters” habarlar gullugy bir şaýada salgylanyp, hüjüme eli ýaragly üç adamyň gatnaşandygyny aýdýar.

Kwebek welaýatynyň premýer-minstri Filippe Kouillard atyşygy “wagşyçylykly zorluk” diýip häsiýetlendirip, bu “musulmanlara garşy gönükdirilen terrorçylykly iş” diýdi.

Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeau Twitterde: “Bu gije kanadalylar Kwebek şäherinde bir metjide edilen namartlarça hüjümde ölenlere gynanýar. Men pida bolanlara we olaryň maşgalalaryna duýgudaşlyk bildirýärin” diýip ýazdy.

Metjidiň ymamy Mohamed Ýangui žurnalistlere: “Näme üçin bu iş bu ýerde bolýar? Bu bir wagşyçylykly zat” diýdi.

Ýekşenbe güni metjitden ir gaýdan Zebida Benjeddounyň aýtmagyna görä, merkeze ozal hem haýbat atylypdyr:

“Iýun aýynda metjidiň öňünde bir jojugyň kellesini goýup gitdiler. Ýöne biz bular täk-tük zatlardyr diýip, muny çynlakaý zatdyr öýtmedik. Ýöne bu gije bu täk-tük zatlar tapawutly gerimlere eýe boldy”.

Kwebek welaýatynda ýerleşýän Gatineau şäheriniň häkimi-de indi özüniň metjitleriň töwereginde polisiýa işgärlerini köpräk ýerleşdirjekdigini aýtdy.

Polisiýanyň bildirmegine görä, Nýu-Ýorkda hem metjitleriň we beýleki ybadathanalaryň töwereklerinde edilýän patrullyk artdyrylypdyr.

Şäher häkimi Bill Blasio Twitterde Nýu-Ýorkuň polisiýa departamenti “şäherdäki metjitleri goşmaça gorag bilen üpjün edýär. Ähli nýu-ýorklular hüşgär bolmaly. Bir zat görseňiz, aýdyň” diýip ýazdy.

XS
SM
MD
LG