Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Nazarbaýew ykdysadyýetiň täze ösüş planyny kesgitledi


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew “ýörite beýannamasynda” öz ýurdunyň ykdysady ösüşi üçin täze strategiki planyny kesgitledi.

30-njy ýanwarda milli telewideniýesinde eden çykyşynda Nazarbaýew 2025-nji ýyla çenli döwre niýetlenen öz planyny Gazagystanyň ykdysady ösüşiniň “üçünji tapgyry” diýip atlandyrdy.

Nazarbaýewiň sözlerine görä, täze plan ykdysady proseslerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalaryň, şeýle-de kiçi we orta biznes üçin has köp mümkinçilik döretmegiň, döwlet gözegçiligini çäklendirmek arkaly olara has köp erkinligiň berilmeginiň zerurlygyna gönükdirilýär.

Nazarbaýewiň planynyň doly tekstiniň 31-nji ýanwarda mili metbugatda çap ediljekdigi aýdyldy.

25-nji ýanwarda Nazarbaýew ýurduň sosial we ykdysady durmuşyna degişli öz ygtyýarlyklarynyň belli bir bölegini parlamente we hökümete tabşyrmak barada konstitusiýa goşmaçalary girizmek hakynda karara gol çekdi.

XS
SM
MD
LG