Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlykda üç günden bäri tok ýok


Türkmenistandaky köneleşen elektrik transformatorlaryň biri. Arhiwden

Lebabyň Serdarabat etrabynyň Ýaşlyk obasynyň ýaşaýjylary eýýäm üç günden bäri elektrik togsuz kösenýärler. Ýerli ýaşaýjylar obadaky tok üpjünçiliginiň eýýäm ençeme günläp dowam edýän ýagyşdan soň kesilendigini aýdýarlar.

“Bu eýýäm onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän ýagdaý. Tok kesilmedik bir günümiz hem geçmeýär” diýip, öz adynyň Kerim diýlip üýtgedilip berilmegini haýyş eden, Ýaşlygyň ýaşaýjylarynyň biri aýdýar.

Kerim Azatlyk Radiosy bilen habarlaşanda, 1000 töweregi ýaşaýjyly obalaryndaky elektrik togunyň bökdençliklerine 30 ýyldan hem aşa wagtlyk transformatoryň sebäp bolýandygyny aýtdy.

“Transformatoryň binasynyň suwaglary gaçyp, diwarlary çöküp başlady. Sähel ýel tursa ýa ýagyş sepelese ol jyzyrdap, öwşün atyp işlemesini goýýar” diýip, Kerim belledi.

Ýaşlyklylar elektrik togunyň dowamly keslip durmagy sebäpli öýlerindäki elektrik enjamlarynyň sandan çykýandygyny, şeýle-de gyşyň aýazly günlerinde özleriniň has hem beter kösenýändiklerini aýdýarlar.

Ýerli ilat bu mesele boýunça özleriniň degişli häkimliklerine, arçynlyklaryna dowamly ýüz tutsalar-da, häli-şu güne çenli bu ýagdaýa oňaýly çözgüdiň tapylmandygyny-da nygtadylar.

“Näçe ýyldyr tutuş oba bolup arza ýazýarys; häkimlige, arçynlyga gatnaýarys. Her saparynda diňe ‘düzederis’, ‘çalşarys’ diýip, başdansowma jogap berýärler. Tutuş obadaky bu ýeke, köne transformatora öňki bazaryň golaýyndaky kerpiç zawody hem çatyldy” diýip, Kerim sözüne goşdy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň beýleki künjeklerinden-de, edil Lebabyň Ýaşlyk obasynyň ýaşaýjylarynyň könelişen elektrik transformatorlary bilen başdan geçirýän tejribelerine meňzeş ýagdaýlar dogrusynda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Bu aralykda, etrapdyr şäherlerdäki türkmenistanlylaryň tok üpjünçiligindäki bökdençliklerden kösenýändikleri baradaky arza-şikaýatlarynyň fonunda, türkmen häkimiýetleri ýurduň daşary ýurtlara eksport edýän elektrik energiýasynyň ugurlaryny artdyrmak ugrunda tagalla edýändiklerini gaýta-gaýta tekrarlaýarlar.

XS
SM
MD
LG