Azerbaýjanyň howpsuzlyk güýçleri terrorçy guramanyň agzalary bolmakda güman edilýän dört adamy öldürdiler, diýip ýurduň Döwlet howpsuzlygy gullugy aýtdy.
Gullugyň maglumatyna görä, agzalan adamlar 31-nji ýanwarda amala aşyrylan ýörite operasiýanyň dowamynda howpsuzlyk gullugyna garşy ot açmagyndan soň atylyp öldürilipdir.
Toparyň agzasy bolmakda güman edilýän bäşinji adam tussag edildi.
Azerbaýjanyň Döwlet howpsuzlygy gullugynyň aýtmagyna görä, agzalan adamlar ady görkezilmedik daşary ýurtly dini ekstremist topar bilen gatnaşykda bolup, Azerbaýjanda terrorçy hüjümleriň ençemesini planlaşdyrypdyr.
Ýörite operasiýanyň geçirilen ýeri barada habar berilmedi.