Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kirow: Putiniň garşydaşy Nawalnyý sud edilýär


Alekseý Nawalnyý sud wekilleri tarapyndan Moskwadan Kirow şäherine alnyp baryldy, 31-nji ýanwar, 2017.

Orsýetde korrupsiýa garşy kampaniýany alyp barýan ady belli aktiwist we prezident Wladimir Putiniň garşydaşy Alekseý Nawalnyý sud wekilleri tarapyndan Moskwadan Kirow şäherine alnyp barylansoň, 1-nji fewralda sud diňlenişigi başlandy.

Nawalnyý we onuň bilen bilelikde sud edilýän Pýotr Ofiserow diňlenişikleriň ikisine gatnaşmansoň, sud olaryň diňlenişige gatnaşmaga mejbur edilmegi hakynda 31-nji ýanwarda karar çykardy.

Moskwanyň keselhanasynda bejergi alýan Ofiserow suduň kararyna laýyklykda Nawalnyý bilen bilelikde suda bardy.

Kirow şäheriniň sudy Nawalnyny we Ofiserowy uly mukdarda döwlet serişdelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli tapyp 2013-nji ýylda çykaran öz kararynyň Orsýetiň Baş sudy tarapyndan ret edilmeginden soň häzirki diňlenişigine dekabryň başynda gaýtadan başlapdy.

40 ýaşly Nawalnyý agzalan iş boýunça bäş ýyllyk şertli tussaglyga höküm edilipdi. Ol özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply diýip atlandyrdy we öz oppozision işleri bilen baglanyşdyrdy.

2011-nji we 2012-nji ýyllarda hökümete garşy geçirilen giň göwrümli protestleriň esasy lideri Alekseý Nawalnyý 2014-nji ýylda gozgalan ýene bir sud işinde ogurlykda aýyplandy we üç ýarym ýyllyk şertli tussaglyga höküm edildi.

Nawalnyý 2018-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda prezidentlik wezipesine dalaş etmek planyny mälim etdi. Emma suduň Nawalnyny günäli tapan ýagdaýynda onuň saýlawlara gatnaşmagynyň gadan edilmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG