Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň ÝB-den çykmagy üçin kanun päsgelçiligi aradan aýryldy


Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý
Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý

Premýer-ministr Teresa Meýiň Britaniýany Ýewropa Bileleşiginden çykarmak boýunça planynyň öňündäki ilkinji kanuny päsgelçilik aradan aýryldy.

Ýurduň kanun çykaryjylary 1-nji fewralda Ýewropa Bileleşiginiň kanun taslamasyny 498 ses bilen makulladylar, 114 ses garşy çykdy.

Kanunyň güýje girmegi üçin zerur jemleýji ses berişlik geçirildi.

Täze kanun hökümetiň Ýewropa Bileleşiginden çykmak boýunça prosesi başlamagy üçin bileleşigiň Lisabon ylalaşygynyň 50-nji maddasyndan peýdalanmagyna ýol açýar.

2016-njy ýylyň referendumynda ses berijileriň 52% Britaniýanyň ÝB-den çykmagyny goldapdy.

Teresa Meý ýurduň bileleşigi terk etmegi boýunça gepleşikleri martyň aýagyna çenli başlamak isleýär. Gepleşikleriň iki ýyl dowam etmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG