Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada 250 müň adam hökümetiň kararyna protest bildirýär


Protest çykyşlary, Buharest, 1-nji fewral, 2017.
Protest çykyşlary, Buharest, 1-nji fewral, 2017.

1-nji fewralda agşam Rumyniýada azyndan 250 müň adam köçä çykyp, hökümetiň käbir resmi jenaýatlar üçin jogapkärçiligi ýatyrmak baradaky kararyna garşy çykyş etdi. Media serişdeleri bu çykyşlary ýurtda 1989-njy ýylda kommunistik režimi agdarylaly bäri iň uly demonstrasiýa diýip atlandyrdylar.

Rumyniýanyň kanun sistemasyna gözegçilik edýän baş edarasy maýda jenaýatçylyklar üçin kanun jogapkärçiligini ýatyrmak barada täze Sosial-demokrat hökümetiň çykaran karary boýunça konstitusion sudda iş gozgady.

Bu karar ýurduň Ýewropa Bileleşigine girmek üçin korrupsiýa garşy göreş ugrunda amala aşyran işlerinde uly yza gaýdyş boldy.

Protestçiler wagtal-wagtal polisiýa bilen çaknyşýarlar.

Buharestde hökümetiň binasynyň öňünde 150 müň adam çemesiniň, ýene-de 100 we 150 müň aralygyndaky protestçiniň ýurduň 55 sany beýleki şäherlerinde protest geçirýändigini polisiýa habar berýär.

Täze kararda resmileriň diňe 47.500 müň amerikan dollary möçberinde zyýan ýetiren ýagdaýynda türmä höküm edilip bilinýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG