Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň Parahat 2/1 etrapçasynyň ýaşaýjylary toksuz, telefonsuz galýar


Parahat-2 etrapçasy, Aşgabat
Parahat-2 etrapçasy, Aşgabat

Aşgabadyň Parahat 2/1 etrapçasynyň 21-nji jaýynyň ýaşaýjylary soňky günlerde elektrik togunyň kesilmegi, öý telefonlarynyň işlemezligi ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Ýerli ýaşaýjylar bu meselelere gözegçilik etmäge borçly edaralaryň öz şikaýaty boýunça çäre görmeýändigini habar berdiler.

Azatlyk Radiosy agzalan jaýa gözegçilik edýän 14-nji öý hojalyk edarasy bilen telefon arkaly habarlaşanda, edaranyň işläri ýaşaýjylaryň arzasynyň 2-nji fewralda hasaba alnandygyny we çäre görüljegini aýtdy. Şeýle-de edaranyň işgäri, jaýlaryň girelgeleriniň içindäki we daşyndaky näsazlyklaryň öý hojalyk uprawleniýesiniň hasabyna amala aşyrylmalydygyny tassyklady.

Azatlyk Radiosy Parahat 2/1 etrapçasynyň 21-nji jaýyna degişli problemalaryň jikme-jikleri barada gürrüň bermegi sorap, bu jaýyň ýaşaýjysy ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Aşgabadyň Parahat 2/1 etrapçasynyň ýaşaýjylary toksuz, telefonsuz galýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:46 0:00

XS
SM
MD
LG