Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen ýörite gulluklary VPN serwislerini petikleýärler


Türkmenistanda häkimiýetleriň sosial ulgamlaryny we garaşsyz habar saýtlaryny petiklemek we ulanyjylaryň olara girmegiň ýollaryny gözläp-tapmak ‘kowalaşygy’ eýýäm köp ýyllardan bäri dowam edip gelýär.

Türkmenistanda mobil ulanyjylar soňky üç günden bäri internet hyzmatlarynda her dürli bökdençlikleri başdan geçirýärler. Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, bu VPN serwisleriniň öňüni almak ugrundaky çärelere çalym edýär.

Internetde petikli saýtlara girmäge mümkinçilik berýän VPN serwisleri Türkmenistanda belli bir derejede uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi türkmen häkimiýetleri ýurtda sosial ulgamlarynyň aglabasyny, şeýle-de garaşsyz habar, şol sanda Azatlyk Radiosynyň-da saýtlaryny petiklediler.

Azatlyk Radiosyna Aşgabadyň birnäçe ýaşaýjysy şu hepdäniň başynda, has dogrusy 31-nji ýanwarda mobil internetleriniň birdenkä işlemän durandygyny aýtdylar. Aradan bir gün geçensoň, internet işläp başlasa-da, petikli saýtlara VPN serwisleri arkaly girmek başartmaýardy.

“Sişenbe we çarşenbe günleri käbir tehniki näsazlyklar bolup, internet çarşenbe giçlik ýaňadandan ýola goýuldy. VPN häzir asla işlänok. Howpsuzlyk gulluklarynyň filtrleri täzeläp, VPN serwisleriniň işlemegini üpjün edýän tilsimleri böwetläne meňzeýärler. Internetdäki bökdençlikler hem bu ulgamlary ýapmak boýunça geçirilýän işleriň çäginde ýüze çykandyr” diýip, aşgabatlylaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Emma muňa garamazdan, ulanyjylaryň petikli saýtlara girmäge mümkinçilik berýän täze tilsimleri tapandyklaryna hem üns çekilýär.

“Saýtlaryň böwedini böwsüp bilýän başga bir programmalary tapyp, olary ýaýradyp hem başladylar. Emma bazarlarda olary mobil telefonlaryna sazlap bermekden gorkýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi belledi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň sosial ulgamlaryny we garaşsyz habar saýtlaryny petiklemek we ulanyjylaryň olara girmegiň ýollaryny gözläp-tapmak ‘kowalaşygy’ eýýäm köp ýyllardan bäri dowam edip gelýär.

Şu sebäpli ýurduň bazarlarynda VPN serwislerini mobil telefonlaryna oturtmaga hemaýat berýän ýörite hünärmenler hem peýda bolup başlapdy.

“Ors bazarynda” (“Gülüstan” söwda merkezi – red.) we lomaý-söwda nokatlarynda milli howpsuzlyk gullugynyň prowokatorlary, hamana, özleri üçin soraýan ýaly edip VPN oňaryp berýänleri gözleýärler. Tapan halatlarynda olary alyp gidip, gorkuzyp, türme tussaglygy bilen haýbat atýarlar. Olardan bu ulgamlaryň näçe adama oturdyp berendikleri soralýar. Düşündiriş ýazydyrylýar” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, VPN serwisleriniň petiklenmegi diňe mobil telefonlaryna täsir ýetirip, olaryň üstünden adaty kompýuterleriň üsti bilen bloklanan saýtlara girip bolýar.

Şeýle-de, häzir ýurtda Line messenjeriniň doly görnüşde işläp başlandygy habar berilýär. Mundan öň bu ulgamdan diňe VPN serwisleri arkaly peýdalanyp bolýardy. Azatlyk Radiosy bilen gürleşen tehniki hünärmenleriň biri, häzir türkmen resmilerinde bu ulgamy doly yzarlap bilmek üçin mümkinçilik dörän bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

“Çarşenbe güni Line messenjeri dolulygyna açyldy. Şol bir wagtda, düýn giçlige çenli işlemedik, surat we ses ugratmak mümkinçilikleri-de täzeden ýola goýuldy. Mende türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň traffigi has çaltlyk bilen işläp; surat ugradýan, öz nägileligini bildirýän we dissident toparlarynyň sahypalaryna girýän ulanyjylary anyklap bilýän enjamlary alandyklary dogrusynda maglumatlarym bar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran hünärmen belledi.

Ýokarky ýagdaýlary nazara alyp, ol ulanyjylara häzir hem VPN serwislerini ulanmagyny dowam etdirmegini maslahat berýändigini sözüne goşdy.

Galyberse-de, VPN serwislerini petiklemek tagallalarynyň güýçlenmegi ýakynlap gelýän nobatdaky prezidentlik saýlawlaryna gabat geldi. Synçylar bu saýlawlarda G. Berdimuhamedowyň indi 3 möhlete prezident saýlanjakdygynyň ikuçsuzdygyny aýdýarlar.

Halkara guramalary Türkmenistany “internetiň ganym duşmany” diýip, häsiýetlendirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG