Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rumyniýada hökümetiň kararyna garşy protestler dowam edýär


Rumyniýanyň hökümet jaýynyň öňündäki protest, Buharest, 2-nji fewral, 2017.

Rumyniýanyň hökümetiniň korrupsiýa garşy kanuny gowşatmak baradaky kararyna protest bildirýän müňlere raýat 2-nji fewralda üçünji gijäniň dowamynda ençeme şäheriň köçelerine çykyp öz garşylygyny mälim etdiler.

Ýurtda 1989-njy ýylda kommunistik režimiň dargamagyndan soň emele gelen iň güýçli protest çykyşlaryna garamazdan hökümet 31-nji ýanwarda çykaran permanyny ýatyrmakdan ýüz öwürýär.

Premýer-ministr Sorin Grindeanunyň sosial-demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň işe girişmeginden bir aý geçensoň çykaran karary resmileriň käbir jenaýatçylyklar üçin jogapkärçiligini çäklendirýär.

Hökümetiň bu hereketi Rumyniýada syýasy krizis döretdi.

Ýurduň prezidenti Klaus Iohannis hökümetiň kararynyň ýurtda kanunyň hökmurowanlygyna we korrupsiýa garşy göreşe zeper ýetirýändigini aýdyp, konstitusion suda ýüzlendi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, 2-nji fewralda agşam tutuş ýurt boýunça 250 müň çemesi adam proteste çykypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG