Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malta: ÝB liderleri migrant krizisini maslahat edýärler


Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Meý (ç) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland, Walletta, 3-nji fewral, 2017

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Maltada duşuşyp, Ortaýer deňzi regionynda migrantlaryň akymyny azaltmak we Britaniýanyň bileleşikden çykmagy baradaky gepleşikleriň öňüsyrasynda bütewüligi görkezmek meselelerini ara alyp maslahat edýärler.

Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ bilen gatnaşyklar Malta adasynda 3-nji fewralda geçirilýän sammite kölege saldy. Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşigine “kabul ederlikli bolmadyk” basyş edýändigini aýtdy.

Gün tertibiniň merkezinde Ortaýer regionynyň üstünden Ýewropa aşýan migrantlar meselesi durýar.

ÝB-niň liderleriniň Liwiýanyň migrantlary öz territoriýasynda saklamak ukybyny güýçlendirmek we bosgunlar lagerlerinde şertleri gowulandyrmak ýaly mümkinçiliklere seretmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG