Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri migrant akymy, Tramp aladalarynyň fonunda duşuşýarlar


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland. Walletta, 3-nji fewral, 2017 ý.
Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý (çepde) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland. Walletta, 3-nji fewral, 2017 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Maltada duşuşyp, Ortaýer deňziniň üsti bilen gelýän migrantlar akymyny azaltmagyň we Breksit gepleşikleri boýunça umumy bir pozisiýany tapmagyň ýollary barada maslahat edýärler.

Şol bir wagtda, prezident Donald Trampyň prezidentligindäki ABŞ bilen gatnaşyklar baradaky aladalanmalar 3-nji fewralda geçýän sammite kölege saldy. Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Trampyň ÝB-e “kabul ederliksiz” basyş edýändigini aýtdy.

Gün tertibindäki ilkinji mesele Ortaýer deňziniň üsti bilen Ýewropa gelýän migrantlar boldy.

Maslahatda Liwiýanyň migrantlaryň akymyny saklamak we bosgunlar lagerinde has gowy şertleri üpjün etmek mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda käbir çäreleriň görüljekdigine garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasaty boýunça başlygy Federika Mogherini Maltanyň paýtagty Waletta gelende, bu sammitde Liwiýadan Ortaýer deňziniň üsti bilen Italiýa gelýän migrantlaryň akymyny has netijeli dolandyrmagyň we şol bir wagtda migrantlaryň janyny halas etmegiň ýollarynyň maslahat ediljekdigini aýtdy.

Mogherini deňizdäki ýüzlerçe müň migrantyň halas ediş işlerini dolandyrýan Italiýa “uly kömegiň” beriljekdigini hem sözüne goşdy.

Italiýanyň premýer-ministri Paolo Gentiloni özüniň liwiýaly kärdeşi Faýez al-Sarraž bilen Ortaýer deňzindäki bikanun migrantlaryň öňüni almak boýunça 2-nji fewralda ýörite ylalaşygyň baglanyşylandygyny mälim etdi.

ÝB 2016-njy ýylda Liwiýanyň üstünden gelen 181 müň adamyň – Gresiýadan we Siriýadan bosgunlyk sorap gelýän migrantlardan tapawutlylykda – bikanun zähmet migrantlary bolandygyny aýtdy.

Sammitiň dowamynda 27 agzalykdaky ÝB-niň liderleri Britaniýanyň bu düzümden çykmagyndan soňky geljegi barada hem pikir alşarlar. Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý bu gepleşiklere gatnaşmaz.

Şol bir wagtda, Maý özüniň geçen hepde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren duşuşygy barada gysga hasabat bilen çykyş eder. Tramp Breksidi goldap we NATO-nyň talaba laýyklygyny sorag astyna alyp, Ýewropada aladaly garaýyşlary döretdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland sammite gelen mahaly: “ABŞ-nyň prezidentiniň Ýewropanyň nähili bolmalydygy ýa bolmaly däldigi baradaky dürli beýanatlary kabul ederliksizdir” diýdi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ÝB-niň ABŞ-nyň täze administrasiýasy bilen işleşmeginiň iň gowy ýoly, öz planlaryna görä hereket etmek boljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG