Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp ABŞ-nyň Ukrainada parahatçylyk üçin tagalla etjekdigini aýdýar


Ukraina, Awdiýiwka, 1-nji fewral, 2017

Ak tam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ukrain prezidenti Petro Poroşenka ABŞ gündogar Ukrainada, rus serhediniň golaýynda barýan ganly konflikti soňlamak ugrunda tagalla eder diýendigini aýtdy.

4-nji fewralda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, iki lider ýakyn geljekde görüşmek mümkinçiligi barada hem maslahat etdi.

Poroşenkonyň edarasynyň çap eden beýanatynda iki lideriň sebitde doly ýaraşygy gazanmagyň gyssagly zerurlygyny belländigi aýdylýar.

Ukrain prezidenti Trampa "Ukrainanyň özbaşdaklygyna we territorial eldegrilmesizligine berk goldawy üçin sagbol aýtdy" diýip, beýanatda bellenýär.

Bu söhbetdeşlik ukrain goşunlary bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda gaýtadan möwjäp galan söweşlerde bir hepdede azyndan 35 adam öldürilenden soň guraldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG