Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň şikaýat sudy syýahat gadaganlygyny dikeltmäge gyssanmaýar


ABŞ, Dallas aeroportynda ýüklerine garaşýan adamlar namaza durýar.Dallas, 29-njy ýanwar, 2017
ABŞ, Dallas aeroportynda ýüklerine garaşýan adamlar namaza durýar.Dallas, 29-njy ýanwar, 2017

ABŞ-nyň San Fransiskodaky federal şikaýat sudy Adalat departamentiniň prezident Donald Trampyň syýahat gadaganlygyny gyssagly dikeltmek barada eden şikaýaty boýunça adatdan daşary çäre görülýändigini ret etdi.

Trampyň 27-nji ýanwarda gol çeken hökümet kararynda esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan Birleşen Ştatlara adam goýberilmegi wagtlaýyn gadagan edilipdi, bosgunlary ýurt içine goýbermek togtadylypdy.

San Fransiskodaky federal şikaýat sudy 5-nji fewralda irden Waşington ştatynyň we Tramp adminstrasiýasynyň 6-njy fewralyň öýlänine çenli has köp delil bermegini sorady.

ABŞ-nyň etrap sudýasy Jeýms Robart 3-nji fewral güni giçlik Trampyň hökümet kararynyň ýerine ýetirilip bilinmejekdigi, sebäbi ozaly Waşington we Minnesota ştatlarynyň bu karara garşy goýan meselesiniň çözülmelidigi barada karar çykardy.

Döwlet departamentiniň 4-nji fewralda eden şikaýatynda sudýanyň kararynyň prezidentiniň eýýäm çykaran kararyny tankytlap, hökümet kararynyň ýerine ýetirilmeginiň öňüni alandygy we jemgyýetçilige «zyýan ýetirendigi» aýdylýar.

XS
SM
MD
LG