Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek resmileri aktiwist Saidowy boşatmakdan ýüz öwürdiler


Özbegistanly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist we žurnalist Dilmurod Saidow
Özbegistanly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist we žurnalist Dilmurod Saidow

Özbegistanly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist we žurnalist Dilmurod Saidow, ýurtda yglan edilen günä geçişe garamazdan, tussag astynda galýar.

Daşkentde ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Ezgulik” guramasyndan Abdurahmon Taşanowyň 5-nji fewralda aýtmagyna görä, günä geçiş komissiýasy Saidowyň oktýabrda yglan edilen köpçülikleýin amnistiýada tussaglykdan boşadylmagyny sorap ýazan arzasyny ret edipdir.

Taşanowyň sözlerine görä, häkimiýetler 2-nji fewralda beren jogabynda aktiwisti tussaglykdan boşatmakdan ýüz öwrüp, öz kararyny onuň türmede özüni “erbet alyp barandygy” bilen düşündiripdirler.

“Ezgulik” partiýasynyň öňki agzasy 54 ýaşly Saidow 2009-njy ýylda ogurlykda aýyplanyp, 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň özi we tarapdarlary aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

Saidowyň aýaly we ýekeje çagasy bolan gyzy 2009-njy ýylda ony türmede görmäge barýarka ýol heläkçiliginde wepat bolupdy. Saidowyň ejesi 2014-nji ýylda 89 ýaşynda aradan çykdy.

Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalary we Günbatar hökümetleri Saidowy syýasy tussag hasap edýärler.

XS
SM
MD
LG