Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çyn Berdimuhamedow seslensin


Türkmenistan 12-nji fewralda prezident saýlawyny geçirýär. Iş başyndaky Gurbanguly Berdimuhamedowyň garşysyna 8 bäsdeş dalaşa girýär.

Ýöne öten hepdelerde saýlaw kampaniýasyna işjeň gatnaşan adam Berdimuhamedowa meňzese-de, Berdimuhamedow ýaly hereket edenok.

Ilki, ýaryşdaky sekiz dalaşgäre bir seredip göreliň. (Bu Türkmenistanda prezident saýlawy üçin rekord dereje bolup durýar.) Bu adamlar hakda mundan soňra eşidilen zat bolmasa gerek.

Olar ine şular: Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew; Seýdi adyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyň direktory, Mejlisiň deputaty Ramazan Durdyýew; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow; Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Jelilow; “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow; Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow; Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň kandidaty Bekmyrat Atalyýew; Agrar partiýanyň kandidaty Durdygylyç Orazow.

Meniň çaklaýşyma görä, bularyň alan sesleri Berdimuhamedowyň almadyk sesleriniň 1.5 ýa 2 prosent aralygy bolar.

Indi Berdimuhamedow barada.

Dalaşgär Berdimuhamedow, hakykatda bolmasa-da, azyndan döwlet telewideniýesinde görkezilişine we döwlet mediasynda berilýän habarlara görä, gaty merhemetli adam. Ol 30-njy ýanwarda Ahal welaýatyna aýlanyp, çopanlara güler ýüz bilen telewideniýe sowgat etdi. Arka tarapda bolsa bir ak öý görünýär. (Garagum çölünde bular ýaly arassa ak öý meniň ozal gören zadym däl).

TW prezidentiň çopanlara sowgat berşini görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Düzgün boýunça, dalaşgärler saýlawçylara sowgat bermeli däl. Ýöne Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň Azatlyk Radiosynyň türkmen gullugyna aýtmagyna görä, Berdimuhamedow bu sowgatlary kandidat däl-de, ýurduň prezidenti hökmünde berýär.

Döwlet telewideniýesinde Berdimuhamedowyň özüniň ýazandygy çaklanylýan kitaplarynyň nusgalaryny döwlet işgärlerine berendigi ýa-da Halkara aýallar gününde zenanlara az-owlak pul sowgat edendigi görkezildi. (Onuň “adaty” halka mundan başga sowgat bereni ýadymda däl).

Berdimuhamedow çaý hakynda kitap ýazdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:37 0:00

Ondan bir hepde öň hem prezident Berdimuhamedow Lebap welaýatynda bolup gurluşyk proýektlerini barlady. Kandidat Berdimuhamedow birnänçe minudyny işçiler bilen duşuşyga sarp etdi. Duşuşygyň dowamynda içerdäki adamlardan Awaza kurortunda bolup-bolmandykaryny sorady. Bir adam bolmandygyny aýdyp el galdyranynda, Berdimuhamedow ol adamy maşgala agzalary bilen Awaza iberjekdigini aýtdy.

Bu saparyň kanididat Berdimuhamedow tarapyndan däl-de, prezident Berdimuhamedow tarapyndan berlen sowgatdygyna şübhe ýok.

30-njy ýanwarda Ahal welaýatynda bir gaz kompleksinde işçiler bilen duşuşanda Berdimuhamedow aýdylyşyna görä, märekäniň haýyşyny kanatlandyryp, eli gitalaraly sahna çykyp, halka “aýdym aýdyp berdi”.

Berdimuhamedowyň sowgatlarynyň ses berijilere 'täsiri'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00

Berdimuhamedow ýanwar aýynyň başlarynda döwlet telewideniýesinde görkezilýän Berdimuhamedowdan tapawutlanýar. Ol 14 sany etrap häkimleriniň orunbasaryny işde goýberen “kemçilikleri” üçin wezipeden boşatdy. Mundan başga-da onlarça döwlet işgärine käýinç berdi. Aşhabadyň häkimi Myratnyýaz Abilowy sögüp işden kowdy.

2016-njy ýylda döwlet telewideniýesi Berdimuhamedowyň döwlet işgärleriniň onlarçasyny işden boşadandygyny, kaýinç berendigini görkezdi. 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda ol Prezident aparatynyň iş dolandyryjysy Pälwan Taganowy işden boşadyp, “özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirip bilmändigi üçin” jaýdan kowup goýberdi.

Onsoň onuň 2011-nji ýylda döwlet igärlerini masgaralan şu wideosy-da bar:

'Senzurasyz' Berdimuhamedow
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:11 0:00

Berdimuhamedowyň saýlaw kampaniýasynda bu gezek gowy adamsyrap töwerege aýlanmagy Türkmenistanyň ykdysady krizisiniň ýene bir subtnamasy bolsa gerek. Türkmenistanda ýagdaýlar gowy bolsady, onda biz ýanwar aýynyň aýaklaryndan bäri döwlet telewideniýesinde güler ýüzli çykyş edýän Berdimuhamedowy görmezdik.

Saýlaw tamamlanyndan soňra ýa iş başynda bolup, ýedi ýylyň hözirini göreninde hem biziň bu täze Berdimuhamedowa gözümiziň düşmezligi mümkin.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

XS
SM
MD
LG