Siriýanyň hökümeti köpçülikleýin jezalandyryş çärelerinde 13 müň adamy asyp öldürdi we Damaskyň golaýyndaky harby tussaghanasynda yzygiderli gynamalary amala aşyrýar, diýip “Amnesty International” guramasy 7-nji fewralda habar berdi.
Gurama 2011-nji we 2015-nji ýyllaryň aralygynda bolan jezalandyryş çäreleri hasaba alyp, hökümetiň henize çenli harby jenaýatçylyklaryna baş goşýan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. “Amnesty International” guramasy BMG-ni derňew geçirmäge çagyrdy.
Gurama Sednaýa türmesinde günde tussaglaryň 20 we 50 aralygyndaky sanynyň asylyp öldürilendigini aýdýar.
“Pidalar esasan hökümete garşy çykyş etmekde güman edilen parahat ýaşaýjylar” diýip, gurma bellenýär.
Şeýle-de “Amnesty International” jezalandyrmalaryň gizlin geçirilendigini we öldürilen adamlaryň paýtagtyň daşyndaky köpçülikleýin gonamçylykda jaýlanyp, olaryň maşgalalaryna habar berilmändigini aýdýar.
Diysen yerlikli bellap geçilen sozler. Sagbolun.