Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: uzaga çeken abatlaýyş


Aşgabat şäheriniň Parahat-1 kiçi etrapçasynyň 1-nji jaýynyň daşynyň abatlaýyş işleriniň gutarylman taşlanandygyna indi 1 ýyla golaý wagt bolup barýar.

Türkmenbaşy şaýolunuň ugrunda ýerleşýän bu jaýyň edil gabat-garşysynda Olimpiýa şäherçesi guruldy. Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy bilen bagly, Parahat-1, Parahat-2 kiçi etrapçalarynyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ähli jaýlarynda abatlaýyş işleri geçirilip, jaýlaryň daşy alkapon bilen örtüldi, olaryň penjirelerini gara ýa gök reňkli aýnalary bolan plastik penjirelere çalyşdylar.

Bu jaýyň ýaşaýjylarynyň biri bolan Maral daýzanyň aýtmagyna görä, jaýlaryň daşynyň abatlanmagy, onyň alkapon bilen örtülmegi ýaşaýjylar üçin hiç bir ýeňillik döretmändir. Tersine, Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygnyň tamamlanmaga golaýlamagy bilen, ýaşaýjylaryň problemalary artypdyr.

“Adamlaryň köçäniň ugrunda köpçülikleýin üýşüp durmaklary ýa bolmasa oturgyçlarda oturyp dynç almaklary, bellenilmedik ýerlerden tötänden ýörelmezligi ýaly gadagançylyklar artdy.

Ozaldan bar bolan oturgyçlar aýrylyp taşlandy. Jaýymyzyň oň tarapy göz üçin görke getirilip, arka ýüzinde alynyp barylýan işler süýrenjeňlige salyndy.

Bir ýyla çeken abatlaýyş işleriniň gutarmaýanlygy sebäpli jaýyň daş-töwereginde çagalar arkaýyn gezip ýa oýnap bilmeýärler. Çagalaryň özbaşdak oýnamagyna, olary gözegçiliksiz goýmaga ene-atalarda alada döreýär.

Bir ýyla golaý wagt bäri, 4 gatly jaýyň boýuny tutup duran demir merdiwanlar oýnamaga çykýan çagalar üçin howp döredýär. Olar çaga, biri merdiwana münip ýykyljakmy ýa bolmasa merdiwanlaryň demirlerine bir ýerini böldürjekmi, garaz, ene-atalar üçin alada artdy. Bu mesele işleýän ene-atalar üçin has hem kynçylyk döredýär. Işleýän ene-atanyň mekdep ýaşly çagasy bar bolsa, ol çaga isleseň-islemeseň gözegçiliksiz, öýde özbaşdak galmaly bolýar” diýip, Maral daýza aýdýar.

“Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, jaýlaryň daşy diňe göz üçin abatlanýar. Emma jaýlaryň içki näsazlyklary artmasa kemänok. Kommunal hyzmatlary üçin tölegleriň doly tölenýändigine seretmezden, çüýrän suw we lagym turbalaryny, elektrik kabellerini, ýaşaýjylar öz hasaplaryna bejermeli bolýarlar. Girelgelere gözegçilik ýok. Soňky 1-2 ýylyň dowamynda kranlardan gelýän agyz suwlary barha ýaramazlaşýar. Agyz suwunyň bolýan wagtyndan, kesilýän wagty kän.

5-nji Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäginde ilat görgi baryny gördiler. Öňümizde bolsa entek Aziýa oýunlarynyň özi garaşyp dur” diýip, Türkmenbaşy şaýolunyň ugrynda ýerleşýän bu jaýlaryň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň häzirkiden hem kynlaşmagyndan howatyr edýändiklerini ýaşaýjylar ýaşyrmaýarlar.

XS
SM
MD
LG