ABŞ-nyň Senaty gapma-garşylykly ýagdaýda respublikan senator Jeff Sessionsy baş prokuror wezipesine tassyklady. Demokratik partiýasynyň wekilleri Jeff Sessionsyň raýat azatlyklary we immigrasiýa babatyndaky tejribelerine garşylyk bildiripdi.
70 ýaşly Sessions 52 we 47 ses berilmeginiň netijesinde saýlandy.
Sessions immigrasiýa garşy berk pozisiýany eýeledi we administrasiýanyň immigrasion syýasatyny düzmekde prezident Donald Tramp bilen işleşdi.
Sessions indi Adalat departamentine ýolbaşçylyk edip, onuň gapma-garşylyk döreden immigrasion çäklendirmeler hakyndaky kararynyň çylşyrymly sud düzgünlerinden geçmegine ýardam berip biler.
San Fransiskonyň şikaýat sudunyň Trampyň 27-nji ýanwarda çykaran kararyny böwetläp-böwetlemezlik meselesine şu hepdede seretmegine garaşylýar.
Trampyň karary esasan musulman ýurtlarynyň ýedisinden Eýrandan, Yrakdan, Sudandan, Somaliden, Liwiýadan, Ýemenden we Siriýadan bosgunlaryň we syýahatçylaryň Birleşen Ştatlara barmagyna wagtlaýyn gadagançylyk girizýär.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!