Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Obamanyň saglyk programmasynyň tankytçysy saglyk sekretary boldy


Tom Praýs (Tom Price)

ABŞ-nyň Senaty prezident Donald Trampyň hödürlän Tom Praýsy (Tom Price) saglyk sekretary wezipesine belledi.

Georgia ştatyndan kongressmen we geçmişde lukman Praýs öňki prezident Barak Obamanyň “Obamacare” diýlip atlandyrylýan Saglyk programmasynyň ýiti garşydaşy.

Bu saglyk programmasy 20 million amerikanlyny saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasy bilen üpjün etdi we şeýle şahadatnamasy bolmadyklaryň sanyny taryhda iň pese derejä ýetirip, 10 % aşaklatdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trapm geçen aýda 62 ýaşly Praýsy saglyk sekretary wezipesine hödürlände oňa “Obamacare programmasyny çalyşmak we her bir amerikanlyny elýeterli saglygy saklaýyş bilen üpjün ertmek boýunça borçlarymyza gözegçilik etmäge aňryçäk derejede ýokary hünärli” diýen baha berdi.

Emma demokratik senatorlar Praýsyň bellenmegine garşy çykyş etdiler we onuň Obamanyň saglyk programmasyna garaşly bolan millionlarça amerikan raýatyna zeper ýetirip biljekdigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG