Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýer-ministri ABŞ-nyň Merkezi aňaw gullugynyň ýolbaşçysy bilen terrora garşy göreşi maslahat etdi


Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym
Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym

Resmiler Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrymyň we Merkezi aňaw gullugynyň ýolbaşçysy Mike Pompeonyň duşuşyk geçirendigini we taraplaryň terrorizme we guramaçylykly jenaýata garşy ýakyn hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşandygyny habar berdiler.

10-njy fewralda geçirilen gepleşiklerde Ýyldyrym Türkiýäniň ABŞ-da ýaşaýan musulman dinçisi Fethulla Güleniň ýolbaşçylygyndaky herekete garşy alyp barýan çärelerinde, şol sanda Güleni ekstradisiýa etmekde Birleşen Ştatlardan kömek soraýandygyny ýene-de ýatlady.

Türkiýe Güleni geçen ýylyň tomsunda başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak synanyşygynda aýyplaýar. Gülen aýyplamalary ret edýär.

9-njy fewralda Türkiýä baran Pompeo wezipesine geçeli bäri ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar.

Pompeo Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we öz türk kärdeşi bilen duşuşdy we Siriýada hem Yrakda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşler barada pikir alyşdy.

XS
SM
MD
LG