Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ: Appelýasion sud Trampyň immigrasion gadagançylygyny böwetledi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp immigrasiýa baradaky karara gol çekýär. 27-nji ýanwar, 2017 ý.

ABŞ-nyň appelýasion sudy prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň bosgunlarynyň we syýahatçylarynyň Birleşen Ştatlara barmagyna gadagançylyk girizmek hakyndaky kararyna güýç bermekden ýüz öwürip, täze administrasiýanyň immigrasiýa garşy syýasatyny yza tesdirdi.

San Fransiskonyň sudunyň üç sudýasynyň bir agyzdan çykaran karary gadagançylygy ýatyrmak hakyndaky aşaky suduň çykaran ozalky kararyny güýjünde saklady we agzalan ýurtlaryň syýahatçylarynyň Birleşen Ştatlara syýahat etmegine rugsat berdi.

Tramp suduň kararyna dessine jogap berip, “sudda görüşeris, biziň halkymyzyň howpsuzlygy hatar astynda” diýip, Twitter ulgamynda ýazdy. Tramp yzýany suduň kararyny “syýasy” diýip atlandyrdy.

Appelýasion suduň sudýalary ABŞ-nyň hökümetiniň Trampyň gadagançylykly kararynyň gyssagly güýje girmegine zerurlygyň bardygyny görkezýän hiç hili delil getirmändigini aýtdylar, şeýle-de administrasiýanyň öz kararyna garamaga sudda ygtyýarlygyň ýokdugy barada aýdanlaryny ret etdi.

Trampyň 27-nji ýanwarda gol çeken hökümet karary Eýrandan, Yrakdan, Liwiýadan, Somaliden, Sudandan, Siriýadan we Ýemenden bolan syýahatçylaryň Birleşen Ştatlara barmagyny wagtlaýyn gadagan edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG