Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölçeýjileriň oturdylandygy barada güwanama soralýar


Ýaşaýyş jaýlarda oturdylýan elektrik energiýany ölçeýji gural, Türkmenistan
Ýaşaýyş jaýlarda oturdylýan elektrik energiýany ölçeýji gural, Türkmenistan

Türkmenistanyň döwlet edaralary öz işgärlerinden öýlerinde sarp edilýän tebigy gaz, suw we elektrik toguny ölçeýän öljeýji enjamlaryň oturdylmagy barasynda güwanama ýa-da bir resminama bermegini talap edýär. Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, edara şeýle resminama bermeýänleriň işden boşadyljakdygy barasynda haýbat atylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň anyklamagyna görä, şeýle resminamalar esasan oba ýerlerindäki hojalyklardan talap edilýär. Bu ýagdaý bilen baglylykda soňky aýlarda şeýle ölçeýjileriň hem bahalary ep-esli ýokarlanypdyr.

Türkmenistanda 2015-nji ýylyň başynda G. Berdimuhammedowyň hökümetiniň çäklendirme girizmeginden soňra öýlerde tebigy gaz, suw we elektrik togy ölçeýjileriniň oturdylmagy talap edilmäge başlandy. 1993-nji ýyldan başlap, owalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi boýunça raýatlara tebigy gaz, suw we elektrik togy mugt berilýärdi.

Lebap welaýatynyň bir ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna ýazan hatynda, döwlet işgärlerinden öz hojalyklaryna meýletinlikde ölçeýji oturdylmagyny isleýändigi barasynda ýörite güwanama talap edilýär. Onuň aýtmagyna görä, ölçeýjileri her hojalyk öz hasabyna gurdurmaly.

"Bu nähili eden-etdilik? Bizden, göýä özümiz tebigy gaz, suw we elektrik togy üçin ölçeýçileriň oturdylmagyny meýletin isleýän ýaly edip güwanama bermegimiz talap edilýär. Bolmasa işden boşadylarsyň diýip haýbat atylýar. Şonuň üçinem ölçeýjileriň bahalary 2-3 esse gymmatlady" diýip, Lebap welaýatyndaky bir döwlet işgäri gürrüň berýär.

"Şäherde tebigy gaz üçin hem olar ölçeýji oturdylmagyny talap etmeýärler. Sebäbi öýlerde diňe gaz ojak esasy geçirjä baglanan. Şol sebäpden hökümet üçin oba ýerlerinde suw, tebigy gaz we elektrik togy üçin ölçeýji oturdylmagy has amatly bolýar. Sebäbi, obadaky hojalyklar gazy, suwy we elektrik toguny has köp sarp edýärler. Meselem, oba ýerlerinde tebigy gazy ojakdan daşaryn öýi we hojalyk ýerlerini ýylatmak üçin ulanýarlar. Suwy hem şäherdäkilere garalanda gaty köp maksatly, uly mukdarda ulanýarlar. Ine şonyň üçinem hökümet özüne bähbitli bolan zady zor bilen şeýle talap edýär" diýip, ol Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

2016-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhammedow Germaniýa saparynda, ýurtdaky adam hukuklary bilen baglanyşykly özüne sorag sorana buýsançly ýagdaýda şeýle sowal beripdi:

"Haýyş edýärin, siz maňa aýdyň, häzirki döwürde haýsy ýurtda her bir raýatyň tebigy gazdan, elektrik togundan, suwdan we şonyň ýaly-da umumy ýaşaýyş jaý hyzmatlaryndan mugt ulanýandygyny gördüňiz?"

XS
SM
MD
LG