Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donald Tramp Eýranyň prezidentini 'has seresaply' bolmaga çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen söz urşuny 10-njy fewralda dowam etdirdi we Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň ABŞ-ny “uruş spekulýasiýasynda” ýazgaryp eden çykyşy bilen baglylykda onuň “has seresaply” bolmagyna duýduryş berdi.

Trampyň bu çykyşy Rohaniniň millionlarça eýranlynyň ýurduň 1979-njy ýylyň yslam rewolýusiýasynyň senesini bellän güni sözlän sözünde “biz uruşy spekulýasiýa edýän islendik syýasata berk garşy durarys” diýip atmagynyň yzýanyna gabat geldi.

“Biziň halkymyz hüşgärdir we biz Eýrana haýbat atýanlaryň gynanmagyny gazanarys” diýip Rohani aýtdy.

Tramp onuň “has seresaply” bolmalydygyny aýtdy. Trampyň Eýran babatynda eden soňky çykyşy onuň 2-nji fewralda Eýrana “duýduryş” berip, yzýany Tähran babatynda täze sanksiýalary girizdi. ABŞ Eýranyň ballistik raketalary synamak bilen BMG-niň rezolýusiýalaryny bozandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG