Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abadi: Yrak regional ýa-da halkara konfliktleriniň hiç birine gatnaşmaz


Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi

Yrak regional ýa-da halkara konfliktleriniň hiç birine gatnaşmaz, diýip ýurduň premýer-ministri Haider al-Abadi 11-nji fewralda aýtdy.

Abadi bu çykyşyny ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly geçiren gepleşikleriniň yzýany etdi.

“Yrak öz halkara bähbitlerini gorap saklamagy örän isleýär we regiona hem Yraga betbagtçylyk getirip biljek hiç bir regional ýa-da halkara konfliktlerine gatnaşmaga islegli däl” diýip, Abadi döwlet telewideniýesine aýtdy.

Ak Tamyň 10-njy fewralda aýtmagyna görä, ABŞ-nyň prezidentiniň wezipä geçeli bäri geçirilen ilkinji telefon söhbetdeşliginde, Tramp we Abadi “Eýranyň tutuş region üçin döredýän howpy barada” gürrüň edipdirler.

Abadiniň edarasy prezidentleriň telefon gepleşigi barada 10-njy fewralda beren maglumatynda Eýran meselesini agzamady. Maglumatda Abadiniň Trampdan öz ýurduny syýahatçylyk gadagançylygy boýunça sanawdan çykarmagy sorandygy aýdyldy.

Yrak Donald Trampyň gol çeken kararyna görä, ABŞ syýahat etmek üçin wagtlaýyn gadagançylyk girizilen esasan musulman ilatly ýedi ýurduň arasynda görkezildi.

9-njy fewralda ABŞ-nyň şikaýat sudy immigrasion gadagançylygy güýje girizmekden ýüz öwürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG