Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp täze immigrasion kararyny çykaryp biljegini aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 27-nji ýanwarda çykaran kararynyň sudlar tarapyndan böwetlenmeginden soň täze immigrasion hökümet kararyny çykarmak meselesine seredýändigini 10-njy fewralda aýtdy.

Tramp ozlaky kararynyň ABŞ-nyň iki sudy tarapyndan ret edilmegine garamazdan, kanunyň öz tarapyndadygyny aýdyp, häzirki howpsuzlyk sebäpleriň ýuridiki şertleriň muňa ýol berişinden has tiz hereket etmegi talap edýändigini belledi.

“Gynandyryjy ýeri bu kanun taýdan örän köp wagty alýar, emma biz bu söweşde üstün çykarys. Bizde-de köp başga mümkinçilik bar, şol sanda täze karar çykarmakdyr” diýip, Tramp aýtdy, emma täze ädimiň 13-nji fewraldan öň ädilmejegini mälim etdi.

Trampyň 27-nji ýanwarda çykaran karary Birleşen Ştatlardaky bosgunlara, şol sanda esasan musulman ilatly ýedi ýurduň syýahatçylarynyň ABŞ barmagyna wagtlaýyn gadagançylyk girizýär. Bu karar 3-nji we 9-njy fewralda ABŞ-nyň etrap sudlary tarapyndan böwetlenipdi.

“Biz howpsuzlyk sebäplerden gyssanmaly, şonuň üçin munuň şeýle ediljegi örän ähtimal” diýip Tramp prezidentiň uçarynyň üstünde žurnalistlere aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Tramp Waşingtonda geçirilen metbugat-konferensiýasynda “Biz ýurdumyzyň howpsuz bolmagyny dowam etdirmek boýunça hereketleri ederis... Bu tiz bolar. Biz halkymyza zyýan ýetirjek bolýan adamlara ýurduň içinde ýol bermeris” diýdi.

Ak Tamyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Reinse Priebus “biz hökümet kararynyň edil häzir bolmagyny gazanarys we onuň tiz peýda boljagyna garaşýarys, bu amerikanlary terrorizmden gorar” diýdi.

Tramp täze hökümet kararynyň ozalkysynyň täzelenen görnüşde bolup, üýtgetmeleriň gadagançylyk girizen “şikaýat sudunyň kararynyň hormatyna örän az boljagyny” aýtdy.

Ak Tam hökümet kararyna ABŞ-nyň syýahatçylyk dokumentlerini göterýänleri ýa-da hemişelik ýaşamaga dokumenti bolanlary sanawdan aýyrmak ýaly üýtgetmeleri girizip biler diýip, kongressdäki kömekçi Reuters agentligine aýtdy we agzalan çäreleriň ozalky karary böwetlän San Fransiskonyň şikaýat sudunda bildirilen aladalanmalary gowşadyp biljekdigini belledi.

Şeýle-de Ak Tam San Fransiskonyň şikaýat sudunyň kararyndan arz etmek boýunça mümkinçiliklere, şol sanda ABŞ-nyň Baş suduna ýüzlenmek meselesine seredýändigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG