Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ syýahat gadaganlygyny togtadan karardan şikaýat edýär


ABŞ. Düwnük keselli Kiana Ghanei Filadelphia aeroportynda Eýrandan gelmeli enesine garaşýar. 28-nji ýanwar, 2017.

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň, şeýle-de ähli bosgunlaryň ABŞ-a girmegini gadagan edýän hökümet kararyny dikeltmek barada şikaýat arzasyny ýazdy.

4-nji fewraldaky ýuridiki manýowr Trampyň öz hökümet kararyny togtadan Seatl sudýasy Jeýms Robarta azgyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Prezidenttwitterde ony «sudýa diýilýän» diýip atlandyrdy we onuň «pikirini» «gülkünç» diýip ret etdi.

Tramp öz hökümet kararyň «yzyna dikeldiljekdigini» ýazdy.
Tramp birnäçe sagatdan soň twittere dolanyp, karar baradaky gürrüňini dowam etdi.

“Haçanda sudýa Içerki howpsuzlyk syýahat gadaganlygyny togtadýan wagtynda, islendik adamyň, hatda bet niýet bilen ABŞ-nyň içine girip bilýän halatynda biziň ýurdumyza näme gelýär?» - diýip, ol ýazdy.

Bu şikaýatdan öň esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan bolan we Trampyň buýrugynyň täsirine düşen wizaly adamlar Birleşen Ştatlara barýan uçarlara mümkin boldugyça çalt münmäge çagyryldy. Sebäbi seatl sudýasynyň karary bilen açylan mümkinçilik äpişgesi, hökümet öz hereketinde rüstem gelse, derhal ýapylyp biler diýen gorky bardy.

«Biz olary iň ýakyndaky reýslere [näçe mümkin boldugyça çalt] münmäge çagyrýarys" diýip, Dearborndaky, Miçigan, Arap-Amerikan graždan hukuklary ligasynyň direktory Rula Aoun aýtdy.

Şu arada Döwlet departamenti bosgunlary, şol sanda siriýalylary kabul etmegi dikeltmek çäresini gördi diýip, bir resmi «Roýters» habar gullugyna aýtdy. Ilkinji bosgun, belki-de, 6-njy fewralda geler.

BMG-niň sözçüsi «The New York Times» neşirine 2 müň çemesi bosgunyň syýahata taýýar bolandygyny aýtdy.

Hökümet şikaýatyny diňlejek üç agzaly panel Buş we iki sany öňki demokrat prezidentler, Jimmi Karter we Barak Obama tarapyndan bellenen sudýalary öz içine alar öýdülýär.

Tramp biraz soň žurnalistlere özüniň Floridadaky Mar-a-Lago hususy kurortyndan Adalat departamentiniň ýeňjegine ynamlydygyny aýtdy.

"Biz ýeňeris. Öz ýurdumyzyň howpsuzlygy üçin biz ýeňeris" diýip, ol aýtdy.
Döwlet departamentiniň şikaýatynda sudýanyň höküminde «prezidentiň milli howpsuzlyk kararynyň soňundan tankytlanýandygy» we onuň hökümet kararynyň ýerine ýetirilmeginiň öňüni alyp, jemgyýetçilige «zyýan ýetirendigi» aýdylýar.

ABŞ-nyň prezident Jorj W. Buş tarapyndan bellenen etrap sudýasyRobart 3-nji fewralda Trampyň syýahat gadaganlygy baradaky hökümet kararynyň Waşington we Minnesota ştatlarynyň oňa garşy goýan meselesi çözülýänçä durmuşa geçirilip bilinmejekdigini aýtdy.

Trampyň kararyny togtadýan karar bütin ýurda degişli we ABŞ-nyň Gümrük we Serhet goragy gullugy ýolagçy gatnadýan uçarlaryň kanuny wizasy bolan adamlary uçara mündirip biljekdiklerini aýtdy.

Tramp özüniň 27-nji ýanwardaky kararyny milli howpsuzlyk aladalary bilen esaslandyrdy, emma onuň garşydaşlary bu kararyň adamlary dini ynançlary esasynda nyşana alýandygyny aýdýarlar.

Hökümet karary esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan– Eýrandan, Yrakdan, Liwiýadan, Somaliden, Sudandan, Siriýadan we Ýemenden gelýän raýatlaryň 90 günläp Birleşen Ştatlara goýberilmegini gadagan edýär, bosgunlaryň ählisiniň kabul edilmegini 120 gün togtadýar, Siriýadan bosgun alynmagyny näbelli möhlete çenli duruzýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG