Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AP-nyň suraty Dünýä metbugat surat bäsleşiginiň ýeňijisi boldy


Burhan Özbiliji (sagda)
Burhan Özbiliji (sagda)

“Associated Press” habar agentliginiň suratçysy Burhan Özbiliji rus ilçisini atyp öldüren ýaragly türk polisiýasyny surata düşüreni üçin 2017-nji ýyl boýunça Dünýä metbugat surat bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Özbiliji bu suratlary geçen ýylyň 19-njy dekabrynda Ankarada geçirilen sungat sergisinde 22 ýaşyndaky Mewlüt Mert Altyntaş rus ilçisi Andreý Karlowy atyp öldürmezden gysga wagt öň we soň düşürdi.

Bäsleşikde ýeňşe eýe bolan suratda ýerde ýatan rus ilçisiniň jesediniň gapdalynda penjekli we galstukly Altyntaşyň sag elinde aşak tarap seredip duran ýaragy saklap, çep eliniň süýem barmagyny ýokary galdyryp duran pursady görünýär.

“Men okuň sesini eşidenimden soň, munuň örän möhüm taryhy wakadygyny bilýärdim. Men öz işimi etmelidigimi hem bilýärdim. Men žurnalist hökmünde ol ýerden gaçyp gidip bilmezdim” diýip, Özbiliji aýtdy.

XS
SM
MD
LG