Sepleriň elýeterliligi

"La La Land" rekordlary täzeläp, 7 baýrak aldy


"La La Land" kinofilminden bir pursat.

Ýanwar aýynda "Altyn globus" baýragynyň 74-nji gezek gowşurylyş dabarasynda, "La La Land" atly kinofilm rekordlary täzeledi. Muzikl žanrynda surata düşürilen kinofilm dalaşgärlige hödürlenen ähli ugurlar boýunça baýraklara mynasyp boldy.

Bu kinofilme iň gowy sazly komediýa, iň gowy režisýorlyk eseri, iň gowy esaslandyrylan, iň gowy aktýoryň oýnany, iň gowy mawy ekranyň eseri ýaly ugurlar bilen bir hatarda sazynyň ajaýyplygy üçin jemi 7 baýrak berildi.

Mundan owal diňe iki kinofilm - "One Flew Over the Cuckoo's Nest" ("Gumry höwürtgesinden uçanda" 1975) we "Midnight Express" ("Gijeki otly" 1978) kinofilmleri 6 ugurda "Altyn globus" baýragyna eýe bolupdy.

BBC, "Altyn globus" baýragynyň "Oskar" baýragyna ümzükmekdigini ýaňzydypdyr.

2016-njy ýylyň iň köp ýatda galan we iň köp gürrüňi edilen kinolaryndan bolan "Aşyklar şäheri" - "La La Land" 2016 ýylda surata düşürilipdi we tomaşaçylara hödürlenen badyna ýüzugra bagty çüwüpdi.

Tapawutly maksatlar

"Altyn globus" baýragyna laýyk bolanlaryň arasynda "La La Land" kinofilminiň gahrymanlaryny suratlandyran Emma Stone we Rýan Goslingden başga, Casey Affleck we Isabelle Huppert ýaly sungat işgärleri hem bar.

Iň gowy drama eseri baýragyny bolsa "Moonlight" ("Aýyň şöhlesi") atly kinofilm aldy.

"Bloombergiň” ýazmagyna görä, "Altyn globus" baýragynyň maksadynyň tapawutly bolmaýşy ýygy-ýygydan nägileliklere sebäp bolupdyr. Emma bu gezek baýrak Kalkuttada ýadawlykdan ýykylyp galan hindi oglandan, Maýamide önüp-ösen gomoseksual ýaş oglana, 1960-njy ýyllarda Wirginýada milletparaz kanunlara garşy hojalyk hakda düşürilen kinofilmlere hem berlipdir.

Telewideniýe ugurlarynda bolsa britaniýalylar Tom Hiddleston, Hugh Laurie we Olivia Colman "Altyn globus" baýragyna mynasyp boldular.

Claire Foý hem bir teleseriýalda şa zenan 2-nji Ýelizabetanyň roluny ýerine ýetirmegindäki ussatlygy üçin baýragy eýeledi.

Rýan Gosling we Emma Stone
Rýan Gosling we Emma Stone

Prezidenti tankyt edipdir

Baýraklary gowşurmak üçin gurnalan dabarada, Hollywoodyň tanymal şahsyýetleriniň käbiriniň çykyşlary syýasy äheňleri bilen ýatda galdy.

Kinomatografiýa ugurlary boýunça "Cecil B. DeMille" baýragyna mynasyp bolan Meryl Streep öz çykyşynda adyny agzamadyk hem bolsa, täze saýlanan prezident Donald Trampy tankyt edip, üýşmeleňiň ünsüni özüne çekdi:

"Hollywood dürli ýurtlardan bolan tapawutly adamlaryň jebisleşýän ojagydyr. Biz olaryň hemmesini urup bir tarapa taşlasak, onda tomaşa etmäge futbol bilen gatyşykly uruş sungatyndan başga zat galmaz. Şeýle ýagdaýda amaly-haşam sungatynyň döredijiligi bolmaz. Hormatsyzlyk sylagsyzlyga sebäp bolar. Zorluk hem zorluga sebäp bolar. Onsoň häkimiýetdäkiler başga adamlaryň göwnüne degmek üçin eýe bolan güýjünden peýdalansa, onda hemmämize bu uly ýitgi bolar".

Aktrisa metbugaty we syýasatçylary has jogapkärçilikli hereket edip, töwekgelçilikli bolmaga çagyryp, "häkimiýetiň jogapkärçiligini ýatlatjak gözýetimli metbugata mätäçligimiz bar" diýdi.

XS
SM
MD
LG