Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: YD-nyň hüjüminde ölenleriň sany 80 adama ýetdi


Partlamada ýaralanan pakistanly ýaşaýjy.
Partlamada ýaralanan pakistanly ýaşaýjy.

“Yslam döwleti” toparynyň 16-njy fewralda Pakistanyň günortasyndaky köp gelim-gidimli sopy zyýarathanasyna eden hüjüminde ölenleriň sany 80 adama ýetdi. 17-nji fewralda Pakistanyň syýasy we harby liderleri yslamçy ekstremistleri ýok etmek üçin ähli zady etjekdiklerini aýtdylar.

Janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bu bomba partlamasynda ölenleriň azyndan 30 sanysy çaga bolup, wakada başga-da 100-den gowrak adam ýaralandy. 16-njy fewralda Sindh welaýatynyň hökümeti bir günlük ýas yglan etdi.

Pakistanyň “Talyban” topary we beýleki ekstremist yslamçy söweşijiler täze hüjümleriň amala aşyryljakdygy barada haýbat atýan mahaly, “Lal Şahbaz Kalandar” zyýarathanasyndaky partlama soňky bir hepdäniň dowamynda Pakistanda amala aşyrylan hüjümleriň iň ýowuzy boldy.

“Yslam döwleti” bilen ilteşikli “Aamak” websaýtynda çap edilen maglumatda agzalýan topar bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Premýer-ministr Nawaz Şarif gyrgynçylygy “progressiw” Pakistanyň geljegine edilen hüjüm diýip ýazgardy we ýurdy goramak üçin “mümkin bolan ähli çäräni” görjekdigini wada berdi diýip, onuň edarasynyň maglumatynda aýdylýar.

Pakistanyň günortasyndaky “Lal Şahbaz Kalandar” zyýarathanasy
Pakistanyň günortasyndaky “Lal Şahbaz Kalandar” zyýarathanasy

Pakistanyň harbylarynyň başlygy Kamar Bajwa “Talyban” jeňçilerine garşy amala aşyrylýan hüjümleri güýçlendirmegi wada edip, her bir damja gan üçin ar alnar diýdi.

Şeýle-de, Pakistanyň harbylary owgan ilçihanasynyň resmileriniň ýurduň harbylarynyň Baş edarasyna çagyrylyp, olaryň eline Owganystanda gizlenýän 76 “terroristiň” sanawynyň gowşurylandygyny aýtdylar.

Jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça inter-hyzmatlar gullugynyň metbugat wekili general-maýor Asif Gafur 17-nji fewralda çap eden twitinde: “Owgan ilçihanasynyň işgärleri harbylaryň Baş edarasyna çagyryldy. Olaryň eline Owganystanda gizlenýän 76 terroristiň sanawy gowşuryldy. Resmilerden gyssagly herekete geçip, olary Pakistana tabşyrmak soraldy” diýdi.

Pakistan özüniň Owganystan bilen arasyndaky “Torham” serhet geçelgesini “howpsuzlyk ýagdaýlary” sebäpli näbelli möhlet bilen ýapdy.

Partlamada ölen adamlaryň biriniň dogan-garyndaşlary.
Partlamada ölen adamlaryň biriniň dogan-garyndaşlary.

Pakistanyň harbylarynyň media ganaty - Jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça inter-hyzmatlar gullugyň ýaýradan beýanatynda “terrorçylykly hüjümler duşmançylykly güýçleriň we Owganystandaky dini ojaklaryň beren görkezmeleri esasynda amala aşyrylýar” diýilýär.

General-maýor Asif Gafur Peşawar, Pakistan we Jalalabad, Owganystan arasynda ýerleşýän asfalt ýoldaky serhet geçelgeleriniň “goşmaça buýruk berilýänçä” ýapyklygyna galjakdygyny aýtdy.

16-njy fewralda irden Pakistanyň Bulujystan welaýatynyň Awaran territoriýasynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde armiýanyň iki kapitany we iki esgeri öldi.

15-nji fewralda-da Pakistanyň demirgazygynda iki janyndan geçeniň bomba hüjümi amala aşyryldy. Olaryň ikisiniň-de jogapkärçiligini “Talyban” söweşijileri öz üstüne aldylar.

Bu hüjümleriň biri Mohmand tire-taýpalar etrabynda, beýlekisi Peşawarda amala aşyryldy.

13-nji fewralda bolsa, janyndan geçen hüjümçi Lahordaky protestçileri nyşana alyp, 13 adamy, şol sanda ýokary derejeli polisiýa ofiserlerini öldürdi. Bu wakada başga-da 80-den gowrak adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG