Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow maşgala güzeranyny peseltmezligi wada berýär


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ilatynyň girdejilerini yzygiderli artdyrmagyň öz öňünde duran möhüm wezipedigini aýtdy.

Anna güni Aşgabatda, «Ruhyýet» köşgünde üçünji möhlet prezidentligine kasam eden Berdimuhamedow öz inagurasiýa sözünde «ilatyň jan başyna düşýän girdejini öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek üçin zerur işleri geçirmegi» wada berdi.

Şeýle-de ol hiç bir maşgalanyň gün-güzeranynyň pese düşmegine ýol bermejekdigine ynandyrasynyň gelýändigini aýtdy.

Emma prezident bu maksada nähili reformalar esasynda ýetjekdigini aýdyňlaşdyrmady.

Berdimuhamedow on ýyl ozal, prezidentliginiň ilkinji möhletinde hem ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýewropa ölçeglerine golaýlatmagy wada beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG