Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alban protestçileri premýeriň çekilmegini soraýar


 Alban protestçileri
Alban protestçileri

Müňlerçe protestçi Tirana toplanyp, Albaniýanyň sosialist premýer-ministriniň işden çekilmegini talap edýär.

Oppozisiýadaky Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky protestçiler 18-nji fewralda premýer-ministr Edi Ramanyň edarasynyň daş işiginde çadyrlaryny dikip, onuň işden çekilmegini, wagtlaýyn hökümetiň bellenmegini we azat saýlawlaryň geçirilmeginiň kepillendirilmegini talap etdiler.

"Ramanyň hökümeti gitmeli, ony agdarmagyň wagty geldi!" diýip, Lulzim Başa, merkez-sagçy Demokratik partiýanyň wekili märekä ýüzlenip aýtdy.

“Ol ýurdy garyplyga we korrupsiýa batyrdy, petige diretdi we köp albaniýalyny öz ýurdundan gitmäge mejbur etdi" diýip, Başa aýtdy.

"Men siziň ähliňizi bile durup, azat we adalatly saýlawyň geçirilmegini gazanmaga çagyrýaryn» diýip, ol munuň diňe häzirki «jenaýatçylyk hökümetini» wagtlaýyn hökümet bilen çalşyrmak, azat saýlaw geçirmek esasynda mümkin boljakdygyny öňe sürdi.

Içeri işler ministri Saimir Tahiriýerli telewideniýä protestçileriň çadyr dikmeleriniň togtadylmajakdygyny aýtdy. "Biz protestçileriň aladasyny edýäris, biz olary öldürmeýäris" diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG