Sepleriň elýeterliligi

Rus oppozisioneri Wladimir Kara-Murza Moskwany terk etdi


Wladimir Kara-Murza körpe

Rus oppozision şahsyýeti Wladimir Kara-Murza körpe Moskwadaky hassahanadan boşadyldy we şübheli näsaglykdan soň has gowy medisina barlagyndan geçmek üçin daşary ýurda gitdi.

Onuň zäherlenen bolmagy güman edilýär.

Kara-Murzanyň aýaly Ýewgenia Orsýeti 19-njy fewralda terk etdi diýip, aklawçy Wadim Prohorov sosial ulgamlarda habar berdi. Ýöne bu habarda är-aýalyň haýsy ýurda gidendigi aýdylmady.

35 ýaşyndaky Kara-Murza 2-nji fewralda Moskwada keselledi we birnäçe günläp huşsuz ýatdy.

Ol 2015-nji ýylda hem edil şeýle hassalyga duçar bolupdy we munuň öz syýasy işleri üçin ar almak maksady bilen bilkastdan zäherlenme bolandygyna ynanýar.

XS
SM
MD
LG