Sepleriň elýeterliligi

Germaniýada yslamyň ikinji din bolmagynyň sebäbi


Germaniýa, musulman gyzlar "Bait-ul-Wahid", Hanau 27-nji maý 2015-nji ýyl

Musulman jemgyýetleri etniki we mezhep taýdan biri-birinden tapawutlydyr we şonuň üçinem döwletiň kesgitlän kadasynyň esasysyna – umumy ugry we maksatlary bolan bir bütewi dini gurama eýe däldir.

Germaniýada din adamlaryň şahsy işi däl. Hökümet, dini toparlaryň hemmesini edil bir institut ýaly ykrar edýär we adamlary ol guramalara işjeň gatnaşmaga höweslendirýär. Döwletiň rim katolik, protestant ýa-da ýehudy diýip hasaba alan adamlary "din salgydyny" töleýärler. Hökümet ol salgydy adamlaryň degişli bolan şol jemgyýetçilik institutlaryna gönükdirýär. Şol bir wagtyň özünde dini toparlaryň döwlet mekdeplerinde dini sapaklar okatmagyna hem rugsat berilýär. Kiçijik bir şäheriň pastorynyň ýa-da ybadathananyň bir işgäriniň mekdepde sapak okatmagy adaty ýagdaýdyr.

Musulmanlaryň bir bütewi dini guramasy ýok

Şeýle aýratyn statusa eýe bolmak üçin, dini toparlaryň we jemgyýetleriň belli ynanç ulgamy bolmaly, agzalary hasaba alynmaly, şol bir wagtyň özünde ol topar taryhy we jemgyýetçilik ähmiýete eýe bolmalydyr. Katolik, protestant we ýehudy dini toparlary jemgyýetçilik instituty hasaba durupdyrlar. Berlin sebitinde hatda "Ýegowa şaýatlary" we mormon buthanasy ýaly dini toparlaryň hem şeýle aýratyn statusy bar.

Germaniýada 4,3 million agzasy bolan yslam dininiň hem şeýle aýratyn statusa doly gabat gelýändigini ilki bada pikir edip bilersiňiz. Ýöne, näme sebäpden nemes hökümeti musulman jemgyýete şeýle status bermekden ýüz öwürýär?

Germaniýa, 5-nji oktýabr 2015-nji ýyl, Drezden.
Germaniýa, 5-nji oktýabr 2015-nji ýyl, Drezden.

"The New Ýork Times" gazetiniň ýazmagyna görä, munyň ýönekeý, ýöne diýseň çuňňur sebäpleri bar. Musulman toparlar etniki hem mezhep taýdan biri-birinden tapawutlanýar. Olaryň arasynda sünniler, şaýylar we alewiler bar. Umuman alnanda, bu toparlaryň arasynda ysnyşyklyk ýokdyr. Şonuň üçinem musulman toparlar döwletiň talap edýän iň esasy aýratynlygyna, ýagny umumy adalgasy we doktrinalary bolan bir bütewi dini gurama eýe däldir.

Germaniýada dini guramanyň aýratyn statusa eýe bolmagynyň wajyp şertleri

Germaniýada dini toparyň aýratyn statusa eýe bolmagynyň wajyp şertleri dünýewi federal respublikanyň dini toparlar bilen iş hyzmatdaşlygynyň iň täsin ugurlaryny ýüze çykarýar. Bu döwletiň kärdeşler arkalaşygy bilen bolşy ýaly, dini toparlar bilen hem iş hyzmatdaşlygyny ýola goýýandygyny görkezýär. Meselem, kärdeşler arkalaşygyndan öz içinde belli dolandyryş kadasynyň we toparlaryň hem utgaşykly bileleşiginiň bolmagy talap edilýär. Taryhda haçparaz buthanalaryň belli bir gurluş aýratynlygy bolupdyr. Olar belli bir dolandyryş kadasynyň çäginde işläp, täze dünýä inen çagalary hem hasaba alypdyrlar. Yslamda bolsa beýle ýagdaý ýokdyr.

Germaniýa aslynda kesesinden görnüşinden has çuňňur ýagdaýda haçparazdyr. Ol ýurtda Pasha, Magraç, Reformasiýa güni, Isanyň eti we gany güni ("Corpus Christi") ýaly dini baýramlar resmidir.

Germaniýanyň şäherlerinde we oba ýerlerinde buthananyň jaňlary çalynýar, haçparaz buthananyň agzalary ýerli telekanallarda we radiolarda öz gepleşiklerini hödürleýärler. Bu meseläni kadalaşdyrýan kanunyň ady hem çuňňur many berýär: "Staatskirchenrecht", ýagny döwletiň ybadathana kanuny.

Berlinde bir ybadathana, 2016-njy ýylyň dekabr aýy.
Berlinde bir ybadathana, 2016-njy ýylyň dekabr aýy.

"Döwletiň ybadathana kanuny üýtgedilmelidir"

Eýýäm ençeme wagtdan bäri bu kanunyň adynyň üýtgedilip "Religioncrecht" - "din kanuny" diýip atlandyrylmagy, şeýlelikde, has köp dini ynançlary öz içine alyp, olary goldamagy talap edilip gelinýär. Federal çäkde köp zat üýtgemeýänem bolsa, sebitler (landlar) çäginde bu ugurda uly öňegidişlikler bar. Ýurduň din bilen baglanyşykly köpsanly kanuny şol sebitlerde durmuşa geçirilýär. Konserwatiw katolik sebiti bolan Bawariýada ksenofobiýa ýagdaýyna has köp duş gelnip, bosgunlara garşy pikirler hem has köp öňe sürülýänem bolsa, bu sebitde orta mekdeplerde yslam dini barasynda taýýarlyk okuw maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Germaniýanyň ilkinji açylan metjitleri hem hut şol Bawariýada ýerleşýär. Bawariýalylar öz dini we medeni ygtykatlaryny gorap-saklamaga aýratyn ähmiýet berýändigi üçin, başga adamlaryň däplerini we dinlerini gorap, goldamaga hem aýratyn ähmiýet berip biler.

"Yslam Germaniýa mahsusdyr"

Öňegidişlikleriň bolýan ýeke-täk ýeri diňe Bawariýa däl. Protestanlaryň agdyklyk edýän demirgazyk sebitlerinde – Aşaky Saksoniýa sebitiniň baş ministri Christian Wulff Münster we Osnabrükiň uniwersitetlerinde geljekde ymam we yslam dini mugallymy boljaklar üçin ýörite tälimli sapaklar gurnalýar. Soň Germaniýa prezident bolan mahaly jenap Wulff "Yslam Germaniýa mahsusdyr" diýipdir.

Jenap Wulff, Germaniýada jemi iki ýyl prezident bolupdyr. Ol 2012-nji ýylda korrupsiýada gatnaşygy bolandygy barasynda öňe sürlen aýyplamalar sebäpli wezipesini taşlapdyr. Soň oňa ýöňkelen aýyplamalaryň esassyzdygy subut edilipdir. Jenap Wulffyň prezidentlik döwri gysga bolanam bolsa, onuň yslam barada eden işleri, ylaýta-da ýokarda beýan eden pikiri ýurtda henize çenli dowam edýän jedelleşiklere sebäp bolupdy.

Mekdeplerde yslam dininiň okadylmagyny tankyt edýärkäler, şol bir wagtda ýurtda tutuş musulmanlaryň adyndan çykyş edip biljek bir topar ýok. Dogrusy, Germaniýada yslamyň adyndan çykyş edip biljek iki sany täsirli gurama - "Musulmanlaryň merkezi geňeşi" we "Federatiw Germaniýa respublikasynyň yslam geňeşi" atly guramalar bar. Bular musulmanlaryň ýüzden 20 göterimine wekilçilik edýär.

Germaniýanyň mejlisi "Bundestag", din we ynanç azatlygynyň maslahaty, 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabry
Germaniýanyň mejlisi "Bundestag", din we ynanç azatlygynyň maslahaty, 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabry

Dinleriň institutlaşmagyna nädogry garalýarmy?

Germaniýa dünýewi döwletdir. Ýöne onuň kanunlary dinleriň institutlaşmagyna oňaýly garaýar. Dinler döwletiň kesgitlän kadalaryna laýyklykda guramaçylykly ýagdaýa öwrülmelidir. Ol kadalar bolsa haçparaz tälimlerine görä taýýarlanypdyr.

Şeýlelikde, köpsanly haçparaz toparlar, ylaýta-da musulmanlar döwletiň dini toparlara bu görnüşde çemeleşmeginden ikirjiňlenýärler. Bu bolsa jemgyýetçilik parahatçylygyň goralmagy üçin depginli utgaşyklygyň – jebisleşmegiň hökmanylyk hasaplanýan geljekki tapgyryna howp abandyrýar. Şeýle ýagdaýda dini şahadatnamasyz raýatlaryň çakdanaşa köpelmegi bolsa, Germaniýanyň birnäçe nesil mundan owal düýbi tutulan berk kadalaryny mundan beýläk gorap-saklap biljegini ikuçly ýagdaýa salýar.

XS
SM
MD
LG