Azerbaýjan we bölüniji Dagly-Garabag sebitine kontrollyk edýänseparatistler agyr harbylaşdyrylan aragatnaşyk liniýasynda turan ýaragly çaknyşyklar üstünde bir-birini aýyplady.
Separatistleriň harbylary 25-nji fewralda öz goşunlarynyň front liniýasynyň günorta-gündogar we gündogar böleginde Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň hüjümini yzyna serpikdirendigini aýtdy.
Ol söweş mahalynda azeri esgerleriniň birnäçesiniň öldürilendigini, özleriniň ýitgi çekmändigini aýtdy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öten agşam bolan çaknyşyklary tassyklady, emma bu söweşiň separatist güýçleri zerarly turandygyny aýtdy. Şeýle-de ministrlik, san aýtman, pidalaryň bolandygyny boýun aldy.
Şu aralykda Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjana ýagdaýy mundan aňryk ýitileşdirmezlik barada duýduryş berdi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?